img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
11 Awg

«AWAZADA» TÜRKMEN-GAZAK GATNAŞYKLARYNY GIŇELTMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Maminyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda Gazagystan Respublikasynyň premýer-ministri Askar Mamin Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly maslahata gatnaşdy. Şol gün Askar Mamin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan...

DOWAMY
pic
11 Awg

EÝRANYŇ BIRINJI WISE-PREZIDENTI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Eýran Yslam Respublikasynyň birinji wise-prezidenti Eshak Jahangiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda günüň birinji ýarymynda ýokary derejeli myhman Birinji Hazar ykdysady forumynyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Eshak Jahangiri Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. I...

DOWAMY
pic
11 Awg

BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA BAŞLYKLYGYŇ BEÝANNAMASY

2019-njy ýylyň 11–12-nji awgustynda Türkmenistanyň Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Forumyň çäklerinde birnäçe halkara çäreleri guraldy, bu çäreleriň netijeleri boýunça şu aşakdakylar bellenildi: Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlary tarapyndan 2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Gazagystanyň Aktau şäherinde ýokary derejedäki Bäşinji Hazar duşuşygynyň netijeleri boýunça gol çekilen, Hazar sebitiniň ýurt...

DOWAMY
pic
11 Awg

AWTOMOBIL ULAGLARYNYŇ HALKARA BIRLEŞIGINIŇ (IRU) BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) Baş sekretary Umberto de Pretto bilen duşuşygy geçirildi.   Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň IRU bilen gatnaşyklarynyň, hususan-da ulag hem-de üstaşyr geçiriji infrastrukturalaryň ösdürilmegi ulgam...

DOWAMY
pic
11 Awg

TÜRKMEN-RUS HYZMATDAŞLYGYNYŇ MESELELERI HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISINIŇ ÇÄKLERINDE ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary – Hökümetiň Diwanynyň ýolbaşçysy K.A.Çuýçenkonyň Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar özara hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belläp g...

DOWAMY
pic
11 Awg

«АWAZADA» TÜRKMENISTANYŇ WE ÝTÖB-NYŇ ARASYNDAKY HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş Bankynyň (ÝTÖB) wise-prezidenti hanym Betsi Nelson bilen duşuşygy geçirildi. Mähirli salamlaşanlaryndan soňra taraplar Türkmenistanyň we ÝTÖB-nyň arasyndaky özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýan uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň netijeliligini belläp geçdiler. Myhman bilelikdäki taslamalaryň diňe bir Türkm...

DOWAMY
pic
11 Awg

EKSPEDITORLYK ASSOSIASIÝALARYNYŇ HALKARA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK

2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Ekspeditorlyk assosiasiýalarynyň Halkara federasiýasynyň (FIATA) Prezidenti Babar Badat bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda myhman Türkmenistanyň FIATA bilen hyzmatdaşlygynyň ýokary ähmiýetini belläp geçdi, şeýle hem tutuş sebitiň ýurtlarynyň arasynda özarahereketleriň işjeňleşdirilmeginiň we giňeldilmeginiň nu...

DOWAMY