Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň birinji böleginiň rejelenen görnüşine laýyklykda, şu ählihalk baýramçylyk we hatyra günlerinde kärhanalarda, guramalarda we edaralarda işlenilmeýär:
1) Täze ýyl – 1-nji ýanwar;
2) Halkara zenanlar güni – 8-nji mart;
3) Milli bahar baýramy – 21-22-nji mart;
4) Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni – 18-nji maý;
5) Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni – 27-nji sentýabr;
6) Hatyra güni – 6-njy oktýabr;
7) Halkara Bitaraplyk güni – 12-nji dekabr;
8) Gurban baýramy – Gurban baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär;
9) Oraza baýramy – Oraza baýramynyň anyk senesi her ýyl Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen kesgitlenilýär.
Türkmenistanda dynç alyş günleri berilmezden, bellenilýän baýramçylyk we hatyra günleriniň sanawy tassyklanyldy (eger olar iş günlerine gabat gelse):
1) Watan goragçylarynyň güni – 27-nji ýanwar;
2) Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni – 18-nji fewral;
3) Ulaglar we aragatnaşyk toplumynyň işgärleriniň güni – 7-nji mart;
4) Himiýa senagatynyň işgärleriniň güni – 31-nji mart;
5) Bütindünýä saglyk güni – 7-nji aprel;
6) Türkmenistanyň Migrasiýa edaralarynyň işgärleriniň güni – 17-nji aprel;
7) Türkmen bedewiniň baýramy – aprel aýynyň soňky ýekşenbesi;
8) 1941–1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş güni – 9-njy maý;
9) Aşgabat şäheriniň güni – 25-nji maý;
10) Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni – 29-njy maý;
11) Türkmen halysynyň baýramy – maý aýynyň soňky ýekşenbesi;
12) Çagalary goramagyň halkara güni – 1-nji iýun;
13) Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni – 5-nji iýun;
14) Dokma senagatynyň işgärleriniň güni – iýun aýynyň birinji ýekşenbesi;
15) Ylymlar güni – 12-nji iýun;
16) Türkmenistanyň Adalat edaralarynyň işgärleriniň güni – 18-nji iýun;
17) Türkmenistanyň Prokuratura edaralarynyň işgärleriniň güni – 26-njy iýun;
18) Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni – 27-nji iýun;
19) Türkmenistanyň Kazyýet edaralarynyň işgärleriniň güni – 5-nji iýul;
20) Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni – 21-nji iýul;
21) Serhetçiler güni – 11-nji awgust;
22) Bilimler we talyp ýaşlar güni – 1-nji sentýabr;
23) Energetika senagatynyň işgärleriniň güni – sentýabr aýynyň ikinji şenbesi;
24) Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk edaralarynyň işgärleriniň güni – 30-njy sentýabr;
25) Ýaşulularyň halkara güni – 1-nji oktýabr;
26) Türkmenistanyň Harby-Deňiz Güýçleriniň güni – 9-njy oktýabr;
27) Türkmenistanyň Gümrük edaralarynyň işgärleriniň güni – 4-nji noýabr;
28) Hasyl toýy – noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesi;
29) Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni – 14-nji dekabr;
30) Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowy (Beýik Saparmyrat Türkmenbaşyny) ýatlama güni – 21-nji dekabr.
2. Şu Permanyň 1-nji bölüminde görkezilen baýramçylyk gününiň biriniň senesi beýleki bir baýramçylyk gününiň senesi bilen gabat gelen halatynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen baýramçylygyň biriniň bellenilmegi başga güne geçirilip bilner.