SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.N.Şewalýow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň başynda daşary syýasat edaranyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan W.N.Şewalýowa türkmen-ukrain gatnaşyklarynyň sazlaşykly ösdürilmegine goşan şahsy...
BEÝIK BRITANIÝANYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANDAKY DIPLOMATIK MISSIÝASYNY TAMAMLAÝAR
2019-njy ýylyň 19-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde özüniň ýurdumyzdaky diplomatik işini tamamlaýan Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hanym Torhilda Wiwia Ebbott-Uot bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri hanym Ilçä Türkmenistanyň Prezideni Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan deňhukuklylyk, hormat goýmak we açyklyk ýörelgelerine esaslanýa...
Aşgabatda türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi
2019-njy ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-özbek syýasy geňeşmeleri geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredow hem-de Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri A.Kamilow ýolbaşçylyk etdiler. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki doganlyk ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça ösüşiniň oňyn depginini belläp geçdiler. Diplomatlar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwerlik ulgamlaryndaky ik...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GAR-NYŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILD
2019-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Günorta Afrika Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hanym Keitumetsi S.T. Metthews bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasynda syýasat, söwda, ykdysadyýet, şeýle hem medeniýet we ynsanpwerwerlik ulgamlarynda gatnaşyklaryň ösdürilmegi bilen bagly bolan meseleleriň birnäçesine seredip geçdile...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMY – KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGYŇ DABARALANMAGY
2019-njy ýylyň 12-nji awgustynda «Аwaza» milli syýahatçylyk zolagynda ähmiýetli çäre – Birinji Hazar ykdysady forumy geçirildi. Foruma hazarýaka we beýleki döwletleriň ýokary derejeli döwlet işgärleri, halkara guramalarynyň wekilleri, ylmy işgärler, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we dünýä metbigatynyň wekilleri bilen bir hatarda dünýäniň ähli ýurtlaryndan müňlerçe myhmanlar geldiler. Forumyň dabaraly açylyşy «Hazar deňzi: halkara ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň bähbi...
AZERBAÝJANYŇ PREMÝER-MINISTRI BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda ýokary derejeli myhman Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Azerbaýjan Respublikasynyň premýer-ministri Nowruz Mamedow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimu...
TÜRKMENISTAN WE RUSSIÝA KÖPUGURLY HYZMATDAŞLYGY SAZLAŞYKLY GIŇELDÝÄRLER
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy D.Medwedewiň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli rus wekiliýeti Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine geldi. 12-nji awgustda RF-niň Hökümetiniň Başlygy Forumyň dabaraly açylyşynyň çäklerinde «Hazar deňzi: Halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň bähbitleri» atly Halkara maslahatyna gatnaşdy. Şeýle hem Dmitriý Medwedewiň we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýy...