SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ÝUNESKO BILEN HYZMATDAŞLYGYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen ÝUNESKO-nyň baş direktorynyň orunbasary, Hökümetara okeanografiki komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary W.E.Rýabinin bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar Türkmenistanyň ÝUNESKO bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikirleri alyşdylar. Taraplar ylym-bilim we medeniýet ulgamyndaky gat...
TÜRKMENISTAN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN GATNAŞYKLARYNA AÝRATYN ÄHMIÝET BERÝÄR
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we YHG-nyň arasyndaky gözbaşyny 1992-nji ýyldan alyp gaýdýan hyzmatdaşlygyň netijeliligini we uzakmöhletleýin häsiýete eýe bolup durýand...
BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNYŇ GIŇIŞLIGINDE HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ YKDYSADYÝET WE ULAG MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerindäki çäreler giň gerim bilen başlandy. Gün tertibi örän mazmuna baýdyr. Günüň birinji ýarymynda Foruma gatnaşmak üçin gelen myhmanlar halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergilerine gatnaşdylar we olaryň barşynda häzirki zaman tehnologiýalaryň hem-de awtosenagat ulgamynyň naýbaşy gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Bu çäreler Türk...
HAZAR INNOWASION TEHNOLOGIÝALARYNYŇ SERGISI AÇYLDY
2019-njy ýylyň 11-nji awgustynda birinji Hazar ykdysady forumynyň çäklerinde halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň sergisiniň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi. Sergileriň açylyş dabaralaryna hazarýaka we beýleki ýurtlaryň ýokary derejeli myhmanlary, halkara guramalarynyň, daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Sergiler Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz portunyň çäginde gura...
TÜRKMENISTAN WE BOLGARIÝA ÖZARABÄHBITLI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMÄGI MAKSAT EDINÝÄRLER
2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Bolgariýa Respublikasynyň premýer-ministri Boýko Borisowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli wekiliýet Türkmenbaşy şäherine geldi. 11-nji awgustda B.Borisow Halkara Hazar innowasion tehnologiýalarynyň, şeýle hem «Türkmen sähra – 2019» atly sergileriniň açylyş dabaralaryna gatnaşdy, myhman bu ýerde häzirki zaman awtosenagat ulgamynyň iň täze gazananlary bilen ýakyndan tanyş boldy. Saparynyň çäklerinde Bolgariýanyň premýer-ministriniň Türkmenistanyň Prezidenti G...
TÜRKMENISTAN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SUBÝEKTLERI BILEN ÖZARABÄHBITLI GATNAŞYKLARY ÖSDÜRÝÄR
2019-njy ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşy şäherine gelen Kalmykiýa Respublikasynyň baştutanynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji B.S.Hasikow bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp geçdiler. Hususan-da Kalmykiýa Respublikasy bilen söwda-yk...
BMG-NIŇ ÝEWROPA YKDYSADY KOMISSIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI SEKRETARY BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA GATNAŞÝAR
2019-njy 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birinji Hazar ykdysady forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary O.Algaýerowa bilen duşuşygy geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretary Olga Algaýerowa Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky global gün tertibini...