Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi bilen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministriniň arasynda duşuşyk geçirildi
2026-njy ýylyň 6-njy iýulynda Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Ilçisi N.Gölliýew bilen Gyrgyz Respublikasynyň Energetika ministri A.Rysbekowyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda energetika ulgamyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Tarapar esasan hem elektrik energetikasy we ýangyç-energetika ulgamynda özara hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri boýunça pikir alyşdylar.