img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary başlandy

photo

2026-njy ýylyň 10-njy noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 31-nji maslahatyna (COP31) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Türkiýe Respublikasyna ugrady.

Halkara howa Arkadag menzilinde Milli Liderimiz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şener Jebeji bilen gürrüňdeş boldy.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty dünýäniň ekologiýa arhitekturasyny kesgitleýän möhüm ählumumy mehanizm bolup durýar. Howanyň ählumumy maýlamagynyň öňüni almak boýunça çäreleri ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança hökmünde bu forum döwlet Baştutanlaryny, bilermenleri, işewür toparlaryň, raýat jemgyýetiniň wekillerini bir ýere jemleýär.

Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny iş ýüzünde amala aşyrmaga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezmek bilen, “COP” maslahatlaryna işjeň gatnaşýar. Bu abraýly ählumumy meýdançalarda ýurdumyz “ýaşyl” ykdysadyýeti ornaşdyrmak, tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak boýunça anyk milli çäreler bilen berkidilen garaýyşlaryny yzygiderli beýan edýär. Türkmen tarapy Merkezi Aziýa we Hazar deňzi sebitiniň ekologik meselelerine aýratyn ünsi çekýär. Çünki bu meseleler serhetüsti utgaşdyrylan tagallalary talap edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Antalýada geçirilýän “COP31” maslahatyna gatnaşmagy hem Türkmenistanyň açyk dialog, parahatçylyk we ekologik jogapkärçilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň mysalydyr.

Antalýa şäheriniň Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkiýe Respublikasynyň resmi wekilleri we ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Gahryman Arkadagymyzyň Türkiýe Respublikasyna iş sapary dowam edýär.