Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet saparynyň aýratyn ähmiýetini belläp, doganlyk Türkmenistanyň Gazagystanyň möhüm we ygtybarly hyzmatdaşydygyny nygtady.
Gazagystanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Prezidentini we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
“Hemişelik Bitaraplyk syýasaty Türkmenistana halkara giňişlikde uly abraý getirip, ýurduň parahatçylyk, durnuklylyk we howpsuzlyk taglymlaryna ygrarlylygynyň nyşanyna öwrüldi” diýip, Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň giň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda üstaşyr ulag ulgamy strategik ähmiýete eýe bolýar. Şunda Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň möhüm bölegi bolup çykyş edýän Gazagystan — Türkmenistan — Eýran demir ýoluna aýratyn orun degişlidir. Oba hojalyk pudagy-da hyzmatdaşlygyň wajyp ugry bolup durýar.
Dostlukly ýurduň Baştutany energetika ulgamynda bilelikdäki taslamalar barada aýratyn durup geçdi.
Döwlet hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak we maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatda gazanylan tejribäni nazara almak bilen, türkmen tarapyna bu ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegi teklip edildi.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. “Astanada Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi we türkmen halkynyň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylmagy Gazagystanyň halky tarapyndan hoşniýetlilik bilen kabul edildi. Aşgabatda Abaýyň ýadygärliginiň açylmagy halklarymyzyň dostlugynyň we özara hormatynyň ýene-de bir nyşany boldy” diýip, Prezident Kasym-Žomart Tokaýew aýtdy.
Gepleşikleriň dowamynda medeniýet ulgamynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň, şol sanda festiwallary, beýleki bilelikdäki çäreleri geçirmegiň zerurdygyny nygtaldy, ylym-bilim ulgamyndaky gatnaşyklary ösdürmegi ara alyp maslahatlaşyldy. Gazagystan Türkmenistanda ýokary okuw mekdepleriň biriniň şahamçasyny açmak mümkinçiligine seretmegi teklip edýär.
Sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça iki ýurduň garaýyşlarynyň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi tassyklanyldy.
“Sebit we ählumumy derejede durnuklylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin biz türkmen tarapy bilen mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyrys. Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklaryna, şeýle hem Hazar deňziniň meselesi boýunça hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär. Gazagystan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň çäklerinde Türkmenistan tarapyndan geçirilýän çärelere ýokary baha berýär” diýip, Gazagystanyň Lideri belledi we Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki saparynyň dostlukly gazak-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidenti metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet sapary bilen gelmäge iberen çakylygy hem-de mähirli garşylandygy üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirip, geçirilen duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýynyň ara alnyp maslahatlaşylandygyny aýtdy.
Bellenilişi ýaly, duşuşykda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge gönükdirilen bilelikdäki çäreleri geçirmek barada ylalaşyldy.
“Biz Gazagystan Respublikasyna döwlet saparymyzyň netijelerine ýokary baha berýäris. Saparyň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen möhüm resminamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam etjekdigine berk ynanýaryn” diýip, Türkmenistanyň döwlet Baştutany aýtdy hem-de açyklyk, ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýynda geçirilen netijeli gepleşikler üçin Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirdi.
Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, sebit we halkara gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlary boýunça pikir alşyldy.
“Gepleşikleriň dowamynda ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmaga aýratyn üns berildi. Iki ýurduň ähli jedelleri we gapma-garşylyklary halkara hukugyň ykrar edilen kadalaryna hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna esaslanyp çözmäge berk ygrarlydyklary tassyklanyldy.” diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Ikitaraplaýyn gün tertibini ara alyp maslahatlaşmagyň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi. Şeýle hem medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmagyň möhümdigi tassyklanyldy.
Türkmen tarapynyň geçirilen gepleşikleriň netijelerine çuňňur kanagatlanma bildirýändigini, onuň dowamynda ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna gol çekilendigini belledi.
Sözüniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewe hem-de gazak wekiliýetiniň agzalaryna netijeli işler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Gazagystanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.