«Ene tebigat» atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Aşgabatda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň gatnaşmaklarynda we gurnamaklarynda “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewany Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa mähirli garşylady.
Ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynda Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysynyň arasynda gysga wagtlyk söhbetdeşlik geçirildi.
Oguljahan Atabaýewa myhmany sahawatly türkmen topragynda görýändigine şatdygyny aýdyp, meýilleşdirilen çäreleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi berjekdigine ynam bildirdi.
Saida Mirziýoýewa mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, sazlaşykly ösüş ýoluna düşen Türkmenistanda geçirilýän halkara çärelere gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi.
“Oguzkent” myhmanhanasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewanyň üçtaraplaýyn duşuşygy boldy.
Ýokary derejeli myhmanlary Aşgabatda görýändigine örän şatdygyny aýdyp, Oguljahan Atabaýewa doganlyk, goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklara aýratyn gadyr goýýandygyny belledi.
Haýyr-sahawat gaznasynyň derejesinde çagalaryň ekologiýa taýdan sowatlylygyny ýokarlandyrmak ugrunda zerur tagallalaryň edilýändigini belläp, gaznanyň wise-prezidenti ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigata we daşky gurşawa aýawly çemeleşmek endigini ösdürmäge zerur üns berilýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, “Ene tebigat” halkara sungat sergisiniň diňe bir biziň medeniýetlerimiziň özara baýlaşmagyna mynasyp goşant bolman, eýsem, onuň jemgyýetçiligiň, hususan-da, ösüp gelýän ýaş nesilleriň ünsüni ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine çekjekdigine ynanýaryn» diýip, Oguljahan Atabaýewa nygtady.
Gaznanyň wise-prezidenti duşuşyga gatnaşýan ýokary derejeli myhmanlara durnukly ösüşe mynasyp goşant goşmak ugrunda edilýän tagallalar üçin ýene bir gezek sagbolsun aýtdy.
Soňra Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik we meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Türkmenistanda ekologiýa sagdynlygyny üpjün etmek, ösüp gelýän nesillerde tebigata bolan söýgini pugtalandyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere ýokary baha bermek bilen, belent mertebeli myhman bu ugurda tejribe alyşmagyň we gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmegiň hem-de bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň ägirt uly geljeginiň bardygyny belledi.
Üçtaraplaýyn duşuşygyň dowamynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa, ilki bilen, bu ýerde mähirli kabul edilendigi we meýilleşdirilen çäreleriň guramaçylykly geçirilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdy.
Saida Mirziýoýewa Türkmenistanda köpçülikleýin bag nahallarynyň ekilmegine aýratyn üns berilmeginiň ähmiýeti barada aýdyp, bu işleriň tebigaty goramakda, ýaşlarda zähmetsöýerlik endiklerini pugtalandyrmakda ähmiýetlidigini nygtady.
Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde Azerbaýjanyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasy tarapyndan guralýan “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
Bu çärä doganlyk ýurtlaryň wekiliýet toparlarynyň agzalary, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa çykyş edip, şu günki çärä gatnaşýan myhmanlara bu ähmiýetli çärä gatnaşmak baradaky çakylygy kabul edendikleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Halkara sungat sergisiniň esasy mowzugynyň tebigatdygyny belläp, Oguljahan Atabaýewa adam bilen tebigatyň arasyndaky sazlaşygyň durnukly ösüşiň aýrylmaz şertidigini nygtady.
Oguljahan Atabaýewa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de hemmelere berk jan saglygyny, bagtyýarlygy, maşgala abadançylygyny, şeýle hem alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edip sözüni jemledi.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa Aşgabatda «Ene tebigat» atly serginiň geçirilmegine döredilen mümkinçilikler we berlen ýardam-goldawlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa hoşallyk sözlerini aýtdy.
Bu ýerde guralan halkara çärä gatnaşýan Leýla Aliýewa “Ene tebigat” atly halkara sungat sergisiniň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmekde halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine we bu ugurda täze başlangyçlaryň hem-de bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine giň ýol açjakdygyna ynam bildirdi.
Soňra dabaralar Türkmenistanyň Milli haly muzeýinde dowam etdi.
Bu ýerde muzeý işgärleri türkmen halylarynyň taryhy, olaryň dokalyş aýratynlyklary we halylaryň reňkleriniň sazlaşygy barada gürrüň berdiler.
Şeýle hem bu ýerde türkmen milli lybaslarynyň görkezilişi boldy.
Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewa hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewa ak mermerli Aşgabatda geçirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin hormatly Prezidentimize, Gahryman Arkadagymyza we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu çäreleriň özlerinde ýakymly täsirleri galdyrandygyny nygtadylar.
Soňra Halkara howa menzilinden Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Azerbaýjan Respublikasynyň Geýdar Aliýew adyndaky gaznasynyň wise-prezidenti Leýla Aliýewany we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Saida Mirziýoýewany uly hormat bilen ugratdy.