Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy
2025-nji ýylyň 18–20-nji noýabrynda Maliýe ministriniň orunbasary B.Ýalakowyň we Döwlet Gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary M.Muhammedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Bişkekde geçirilen CAREC 2025 işewürlik forumyna we Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) «Ýaşyl we sanly CAREC» atly 24-nji ministrler maslahatyna gatnaşdy.
Maslahatlaryň dowamynda türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanyň sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de güýçlendirmäge, durnukly ösüşi ilerletmäge we sanly ulgamy döwrebaplaşdyrmakda hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar. Forumyň mowzugynyň möhüm ähmiýeti bellenilip, onuň ekologiýa durnuklylygyna we döwrebap tehnologik çözgütleri durmuşa geçirmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekýändigi bellenildi.
Türkmen wekiliýeti ulag, söwda, sanly we durmuş pudaklaryndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny öz içine alýan CAREC-iň täzelenen strategik resminamalaryny goldap çykyş etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda milli infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, sanly hyzmatlary ösdürmek, gümrük dolandyryşyny kämilleşdirmek we saglygy goraýyş ulgamynyň mümkinçiliklerini berkitmek, şol sanda howanyň üýtgemegine çydamly we sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berildi.
Maslahatyň jemleri boýunça CAREC-iň sanly geçelgesini döretmek boýunça özara düşünişmek baradaky Ähtnama we CAREC-iň Söwdany ýeňilleşdirmek we maýa goýumlary üçin şertleri döretmek (CARTIF) ugrunda hyzmatdaşlyk ylalaşygy boýunça gepleşikleriň başlanandygy baradaky Bişkek ministrler jarnamasyna gol çekildi.