SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN DOGANLYK EÝRANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝAR
Hoşniýetli goňşuçylygyň asyl däplerine we ýokary adamkärçilik gymmatlyklaryna ygrarly bolmak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, doganlyk ýurduň çäginde täze koronawirus ýokanç keseli tarapyndan ýüze çykarylan ýiti respirator keselleriniň ýaýramagy bilen baglylykda Eýran Yslam Respublikasyna gaýragoýulmasyz serişdelerden, şol sanda lukmançylyk esbaplaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik kömegi berildi.
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
Şu gün paýtagtymyzda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Däp bolşy ýaly, giň gerimli gözden geçiriliş bu iri jemgyýetçilik düzüminiň döredilen gününe gabatlanyldy. Ol özüne milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda işleýän hususy işewürligiň wekilleriniň 24 müňden gowragyny birleşdirýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hök...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşdy
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýy bilen tanyşmak boýunça meýilleşdirilen iş saparyny amala aşyrdy. Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa, bioköpdürlüligi saklamak, çölleşmä garşy göreş bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berýän ýurdumyz bu ulgamda sebit we ählumumy h...
AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ FORUMY AÇYLDY
2020-nji ýylyň 17-nji martynda Aşgabatda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň sergisiniň we maslahatynyň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, ministrlikleriň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň hem-de köpçülikleýin hab...
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
Şu gün Mejlisiň altynjy çagyrylyşynyň dokuzynjy maslahaty geçirildi, onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenip taýýarlanylan täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata gatnaşmak üçin käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beri...
TÜRKMENISTAN WE BMG UZAKMÖHLETLEÝIN HYZMATDAŞLYGA YGRARLYDYRLAR
2020-nji ýylyň 14-nji martynda “Ýyldyz” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021-2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly Maksatnamasynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi. Bu resminama Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda dürli ugurlar boýunça, şol sanda ykdysady durnuklylygyň we ösüşiň saklanylmagy, ilatyň durmuş hukuklarynyň goragy, saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegi we ekologiki deňagramlylygynyň saklanylmagy ýaly ileri tutulýan ulg...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJANYŇ PREZIDENTLERI BAKUDA DÖWLETARA HYZMATDAŞLYGYNY GIŇELTMEGIŇ WE ÇUŇLAŞDYRMAGYŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2020-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasyna resmi sapar bilen gitdi. Birnäçä wagtdan soňra Prezidentiň howa gämisi iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Geýdar Aliýew adyndaky halkara howa menzilinde gondy. Azerbaýjanyň paýtagtynyň howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy resmi adamlar garşy aldylar. Howa menzilinden Türkmen Lideriniň awtoulag kerweni Azerbaýjanyň Prezidentiniň «Zagulba» kabul...