TÜRKMENISTANYŇ DIM ABŞ-NYŇ ILÇIHANASY BILEN BILELIKDE FOTOSERGI GURNADY

2021-nji ýylyň 5-nji maýynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Ilçihanasy tarapyndan “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasy” maksatnamasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň 20 ýyllygyna bagyşlanan fotosergi gurnaldy.   

Çärä Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Medeniýet institutynyň we beýleki edaralaryň wekilleri gatnaşdylar.  

Öz çykyşynyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow, iki döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar barada aýdyp, medeniýet ugrundaky hyzmatdaşlyga aýratyn üns berilýandigi barada belledi. “Medeni mirasy gorap saklamak boýunça Ilçileriň gaznasyny” ol muňa mysal hökmünde getirdi.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Metýu Stiwen Klimow öz çykyşynda türkmen medeniýetiniň özboluşlylygy barada aýratyn belläp geçdi. Şeýe hem Ilçi ýokarda agzalan Maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan köpsanly taslamalar hakynda aýdyp berdi. Ol bu Maksatnamanyň döredileni bäri, onuň çäklerinde 200-den gowrak döwletlerde medeni mirasy gorap saklamak boýunça 900-den gowrak taslamalara goldaw berilendigi barada belledi. Mundan başga-da Ilçi bu Maksatnamanyň bütin dünýä boýunça bäsleşik esasynda geçirilýändigi hem-de onuň çäklerinde Türkmenistan alnan grantlaryň möçberi boýunça dünýäde birinji orny eýeleýändigi barada aýtdy.