RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
14 Iýul

Awazada BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 13-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4-8 -ji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny geçirmäge bagyşlanan maslahatyny geçirdi. Maslahatyň dowamynda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirm...

DOWAMY
pic
13 Iýul

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynda duşuşyk

2025-nji ýylyň 12-nji iýunynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar gaznanyň we Belarusyň degişli guramalarynyň arasynda çagalaryň saglygyny goramak hem-de goldamak ugrundaky hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň mümkinçiliklerini...

DOWAMY
pic
11 Iýul

Türkmenistanyň we Günorta Sudanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 11-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Günorta Sudan Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministri Mondeý Simaýa Kumbanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlygy ara alyp maslah...

DOWAMY
pic
10 Iýul

Türkmenistanyň we Çad Respublikasynyň Daşary işler ministrleri telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiler

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Çad Respublikasynyň Daşary işler, afrikan integrasiýasy we daşary ýurtdaky çadlylaryň işleri boýunça ministri Abdulaýe Sabre Fadulyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna we ösdürmegiň geljegine garadylar. Taraplar halkara guramalarynyň çägindäki özara gatnaşyklara aýratyn üns berdiler. Şunuň bilen baglylykd...

DOWAMY
pic
10 Iýul

Türkmenistanyň we Burundi Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Burundi Respublikasynyň Daşary işler we ösüş maksatly hyzmatdaşlyk ministri Alber Şingironyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Ministrler özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine garadylar. Söhbetdeşlikde üstümizdäki ýylyň awgust aýynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (...

DOWAMY
pic
10 Iýul

Türkmenistan bilen Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Moldowa Respublikasynyň Daşary işler ministri Mihai Popșoiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirilip, onuň dowamynda türkmen-moldowa hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere aýratyn üns berildi.

DOWAMY
pic
10 Iýul

Türkmen-Belarus hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2025-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk hem berkitmäge gyzyklanma bildirdiler. BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyga...

DOWAMY