RSS

SOŇKY HABARLAR

3 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMEN ÝAŞLARY BILEN GEÇIREN UMUMY SAPAGYNDAN GELIP ÇYKÝAN WEZIPELERE BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň talyplar we okuwçylar bilen ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliniň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçiren umumy sapagyndan gelip çykýan wezipelere bagyşlanan maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we hünärmenleri, ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlary, Türkmenistanyň döwlet, hukuk we demok...

DOWAMY
2 Sen

TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ MÖHÜM MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 2-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Ýaponiýanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy, ýurduň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Edzima Kiýosini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özaragatnaşyklaryň derejesine ýokary baha berildi. Türkmenistanyň Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygynyň strategiki, durnukly we uzak...

DOWAMY
1 Sen

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI UGRATDY

2021-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Owganystana ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Bu bolsa goňşy ýurtda bolup geçen wakalardan soňra türkmen tarapynyň Owganystana ýollan ilkinji üpjünçiligi bolup durýandyr. Dostlukly halkyň zerurlyklarynyň nazarda tutulmagy bilen, derman serişdeleriniň, lukmanlar üçin gorag eşikleriň we lukmançylyk esbaplarynyň, zyýansyzlandyryjy serişdeleriň, dermanlyk erginleriniň, gorag agyz-burun örtükle...

DOWAMY
31 Awg

ТУРКМЕНИСТАН – ЕВРОПЕЙСКИЙ СОЮЗ: СОТРУДНИЧЕСТВО ВО ИМЯ РЕГИОНАЛЬНОЙ И ВСЕОБЩЕЙ БЕЗОПАСНОСТИ И РАЗВИТИЯ

Состоявшийся 28 августа телефонный разговор Президента Туркменистана Гурбангулы Бердымухамедова с Председателем Европейского Совета Шарлем Мишелем стал важнейшим событием не только в отношениях нашей страны с этим крупнейшим межгосударственным объединением, но и значимым фактором в контексте всей будущей региональной повестки, открывающим новые горизонты и платформы сотрудничества. Сам факт, что руководитель Евросоюза, инициировав этот разговор, обратился к Президенту Туркменистана с предложе...

DOWAMY
31 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WE BAE-NIŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERINI KÄMILLEŞDIRÝÄRLER

2021-nji ýylyň 29-njy awgusty 2-nji sentýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Birleşen Arap Emirliklerinde saparda bolýar. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýan, Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlyk ministriniň Aziýa ýurtlary boýunça orunbasary, Döwlet...

DOWAMY
31 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE SAPARYNYŇ ÇÄKLERINDE IKITARAPLAÝYN ÖZARA GATNAŞYKLARYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine saparynyň dowamynda ikitaraplaýyn duşuşyklaryň toplumy geçirildi. Hususan-da, 2021-nji ýylyň 29-30-njy awgustynda BAE-niň Milli howpsuzlyk boýunça Ýokary Geňeşiniň ýolbaşçylary, şeýle hem Abu-Dabi Ösüş Gaznasynyň Baş direktory Mohammad Saif Al Suwaidi bilen gepleşikler geçirildi. Söhbetdeşlikleriň barşynda taraplar Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky özara ga...

DOWAMY
31 Awg

TÜRKMENISTANYŇ WE OWGANYSTANYŇ WEKILLERI IKITARAPLAÝYN IŞJEŇ GATNAŞYKLARY SAKLAÝARLAR

2021-nji ýylyň 31-nji awgustynda «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokadynda Owganystanyň Hyrat welaýatynyň ygtyýarly wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşyga şeýle-de iki ýurduň bank-maliýe we lukmançylyk edaralarynyň, beýleki ugurdaş hem-de harby düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň dowamynda häzirki hereket edýän sanitar-epidemiologiki kadalarynyň nazarda tutulmagy bilen, serhetýaka zolaklarynda serhet, gümrük we fito-sanitar gözegçiliginiň amala aşyrylmagy bile...

DOWAMY