RSS

SOŇKY HABARLAR

9 Sen

KHBS BOÝUNÇA 23-NJI MERKEZI AZIÝA MASLAHATY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 9-10-njy sentýabrynda Daşkent şäherinde onlaýn hem-de göni gatnaşyk görnüşinde ÝHHG-nyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin her ýyl geçirilýän Merkezi Aziýa boýunça 23-nji maslahaty geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň temasy «Merkezi Aziýada KHBS-leriň jemgyýetçilik ähmiýetiniň ýokarlandyrylmagy» boldy. Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Özbegistandan we Mongoliýadan hökümete, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine, raýat jemgyýetine hem-de ylmy b...

DOWAMY
8 Sen

TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA MINISTRLERIŇ KÖPTARAPLAÝYN DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystan boýunça ministrleriň köptaraplaýyn duşuşygy wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirildi. Bu ýurtdaky häzirki ýagdaýlar nobatdaky duşuşygyň esasy temasy boldy. ABŞ-nyň we GFR-nyň daşary syýasat edaralary tarapyndan öňe sürlen wirtual söhbetdeşlige şonuň ýaly-da dünýäniň 20-den gowrak döwletleriniň DIM-leriniň ýolbaşçylary, BMG-niň, ÝB-niň hem-de NATO-nyň ýokary wezipeli wekilleri gatnaşdylar. Gepleşikleriň esasy temasyna salgylanmak arkaly, gatnaşyj...

DOWAMY
8 Sen

OWGANYSTANYŇ GOŇŞY DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Owganystanyň goňşy döwletleriniň daşary işler ministrleriniň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Pakistan Yslam Respublikasynyň başlangyjy bilen guraldy. Geňeşmelere şeýle-de Eýran Yslam Respublikasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew türkmen tarapynyň goňşy ýurtdaky we t...

DOWAMY
7 Sen

ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZI DÖWLET EDARALARYNYŇ WEKILLERINIŇ PANDEMIÝA DÖWRÜNDE JEMGYÝETÇILIK WE KHBS BILEN ÖZARA HEREKETLERI BOÝUNÇA OKUW MASLAHATY GEÇIRÝÄR

7-nji sentýabrda pandemiýa döwründe we saglygy goraýyş bilen bagly bolan adatdan daşary ýagdaýlarda döwlet edaralarynyň jemgyýetçilik we habar beriş serişdeleri bilen netijeli özara hereket etmekleri boýunça iki günlük onlaýn okuw maslahatyna badalga berildi.  Gyrgyzystandan we Ysraýyldan bolan halkara bilermenler döwlet edaralarynyň KHBS wekilleri bilen işjeň özara gatnaşyklarynyň guralmagy boýunça öz nukdaýnazarlaryny beýan etdiler. Okuwa gatnaşýan Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň medi...

DOWAMY
5 Sen

TÜRKMENISTAN OWGANYSTAN BOÝUNÇA DIALOGY IŞJEŇ GOLDAÝAR

2021-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda sebitiň ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Goňşy ýurtdaky ýagdaýlar bolsa onuň esasy temasy boldy. Mejlisde türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew wekilçilik etdi. Şeýle-de duşuşyga Eýranyň, Hytaýyň, Pakistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri gatnaşdylar.  Onlaýn görnüşinde geçen gepleşikleriň barşynda Owgan...

DOWAMY
3 Sen

AWAZADA GEÇIRILEN MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ KONSULTATIW DUŞUŞYGYNYŇ JEMLERI BOÝUNÇA KABUL EDILEN RESMINAMALAR BMG-NIŇ BA-NYŇ 75-NJI SESSIÝASYNYŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI

2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda Hazaryň türkmen kenarynda Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň nobatdaky Konsultatiw duşuşygy geçirildi. Bu çäre bilen birlikde ýokarda agzalan Forumyň çäklerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Zenanlarynyň dialogy hem geçirildi. Döwlet Baştutanlary gepleşikleriň netijelerini nazarda tutup, Merkezi Aziýanyň döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannamany kabul edildi. Zenanlaryň dialogynyň netijeleri boýunça Me...

DOWAMY
3 Sen

TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERI OWGANYSTAN BOÝUNÇA YNSANPERWER ÖZARA HEREKETLERIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

2021-nji ýylyň 3-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministrliginiň ýanyndaky Günorta Aziýa ýurtlary we Arkalaşyk boýunça Döwlet ministri Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly gepleşigini geçirildi. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Sebit we halkara gün tertibine degişli pikirler alyşyldy. Owganystan boýunça ynsanperwer häs...

DOWAMY