SOŇKY HABARLAR
Türkmen-gazak hyzmatdaşlygynyň häzirki zaman meseleleri telefon arkaly ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Orunbasary, Daşary işler ministri Murat Nurtleuwy bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryna garadylar. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösmeginde esasy şertleriň biri ýokary derejede dostlukly dialogyň bolup durýandy...
Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda söhbetdeşlik geçirildi
2024-nji ýylyň 29-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Iň ýokary döwlet derejesinde özara saparlar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem dürli derejelerdäki syýasy geňeşmeleri...
Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji iýulynda Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň 62-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň plenar mejlisinde öňe süren «Hazar ekologik başlan...
Заседание Национальной комиссии Туркменистана по делам ЮНЕСКО
27 июля 2024 года под председательством Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова состоялось очередное заседание Национальной комиссии Туркменистана по делам ЮНЕСКО. В работе заседания приняли участие руководители и представители профильных министерств и ведомств страны. На заседании обсуждён широкий спектр вопросов сотрудничества в рамках этого специализированного учреждения ООН, намечены планы взаимодействия на ближайшую перспективу, в частности, в контексте выдвигаемых нашей с...
О телефонном разговоре Министров иностранных дел Туркменистана и Таджикистана
27 июля 2024 года состоялся телефонный разговор Министра иностранных дел Туркменистана Рашида Мередова с Министром иностранных дел Республики Таджикистан Сироджиддином Мухриддином. В ходе телефонного разговора стороны обменялись мнениями о нынешнем состоянии и перспективах развития двусторонних отношений. Главы внешнеполитических ведомств уделили особое внимание организации контактов на высшем уровне как в двустороннем формате, так и в рамках международных форумов и встреч. Был подчеркн...
Owganystanyň Türkmenistandaky Işleri wagtlaýyn ynanylan wekil bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Fazal Muhammed Sabire onuň Owganystanyň Türkmenistandaky Işeri wagtlaýyn ynanylan wekildigini tassyklaýan resminamany gowşurdy. Owgan diplomaty birnäçe ýyllaryň dowamynda Aşgabatda öz ýurduna wekilçilik edýär. Duşuşygyň barşynda taraplar iki doganlyk döwletiň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň dostlukly häsiýetini bellediler. Türkmenistanyň we Owganystanyň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän iri göwrümli hal...
Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen telefon söhbetdeşlik barada
2024-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministri hanym Batseseg Batmunhiýniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler Mongoliýanyň Prezidenti Uhnagiýn Hurelsuhyň Türkmenistana amala aşy...