Türkmenistanyň Prezidenti Hindistan Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisini kabul etdi

photo

2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabuny kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Diplomat duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanda Hindistana wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmunyň we Premýer-ministri Narendra Modiniň Türkmenistanyň Prezidentine hem-de Gahryman Arkadagymyza iberen mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurduň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Bandaru Wilsonbabuny ýokary diplomatik wezipä bellenmegi mynasybetli gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky köpugurly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Hindistan Respublikasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, ulag, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarda üstünlikli ösdürilýär.

Türkmen-hindi gatnaşyklarynyň gün tertibinde söwda-ykdysady we energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyk aýratyn orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisiniň we onuň bilen ugurdaş ulag geçelgeleriniň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegini mundan beýläk-de işjeňleşdirmek ugrunda çykyş edýändigi nygtaldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow medeniýet, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny belledi.

Duşuşygyň ahyrynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bandaru Wilsonbabu mähirli kabul edilendigi üçin ýene bir gezek hoşallyk bildirip, iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.