Türkmenistan we Rumyniýa nebitgaz ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegi meýilleşdirýärler

photo

Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň binasynda geçirilen energetika pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň mejlisinde özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşmak üçin Rumyniýanyň Energetika ministrliginiň wekiliýeti Aşgabada geldi.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, nebiti we gazy gazyp alýan we nebithimiýa senagatynyň kärhanalarynyň mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrylmagy we tehniki taýdan gaýtadan enjamlaşdyrylmagy, döwrebap gazy gaýtadan işleýji toplumlaryň, şol sanda benzin, dizel ýangyjy hem-de uçarlaryň kerosinini, polietileni we polipropileni hem-de beýleki gazhimiýa önümlerini çykarmak boýunça toplumlarynyň gurluşyklarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň energetika strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şu babatda, serişde tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion ylmy-tehniki işläp taýýarlamalaryň iş ýüzünde giňden ornaşdyrylýandygy bellenildi.

Türkmenistanyň daşary syýasatynyň açyklygy, baý tebigy serişdeler, ýurtda döredilen oňaýly maýa goýum ýagdaýy – bularyň hemmesi ähli pudaklarda, şol sanda nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge uly mümkinçilikler döredýär.

Mejlisiň netijeleri boýunça degişli teswirnama gol çekildi.

2017-nji ýylyň iýul aýynda Rumyniýanyň Prezidenti iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentine iberen gutlagynda rumyn-türkmen hyzmatdaşlygynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesinde çykandygyny belledi. Ol şeýle hem, rumyn kompaniýalary energetika ulgamynda hem-de Gara we Hazar deňziniň portlarynyň arasynda göni ulag geçelgesini ýola goýmakda gyzyklanma bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.