Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň Baş Assambleýasy

Düzüminde Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň wekilleri bolan türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynyň Syçuan şäherinde geçirilen Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň (ABU) 54-nji Baş Assambleýasyna gatnaşdy. Forumyň işine birleşige agza bolan teleradio kompaniýalaryň we beýleki köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 200-den gowragynyň wekilleri gatnaşdy.
Mejlisiň esasy wezipeleri iri sport ýaryşlaryndan we halkara çärelerinden göni ýaýlymda alyp görkezmegi guramak, işgärleri taýýarlamak we beýlekiler babatda tejribe alyşmakdan, hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini kesgitlemekden, işgärleri taýýarlamakdan we beýlekilerden ybarat boldy.
ABU-nyň dürli toparlarynyň ýolbaşçylary Aşgabatda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilendigini belläp, bu iri sport ýaryşlarynyň dünýä jemgyýetçiligini ýurdumyz bilen tanyşdyrmaga mümkinçilikleri döredendigini, Türkmenistanda sport hereketiniň ösdürilmegine uly itergi berendigini nygtadylar.
Forumda çykyş eden türkmen tarapynyň wekilleri Türkmenistanda ähli ulgamlary öz içine alýan iri möçberli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigini bellediler. Forumda Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, habar beriş ulgamynda amala aşyrylýan anyk işlere hem-de yzygiderli çärelere aýratyn üns berildi.
Daşary ýurtly žurnalistler Türkmenistana ýene-de gelip görmäge uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2018-nji ýylda Aziýa-Ýuwaş umman teleradio gepleşikler birleşiginiň 55-nji Baş Assambleýasyny Aşgabatda geçirmegiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilikli we döredijilikli netijeli daşary syýasat strategiýasyny amala aşyrýan türkmen döwletiniň barha artýan abraýynyň nobatdaky subutnamasy bolup durýandygy nygtaldy.
Umuman, ABU–nyň 54-nji Baş Assambleýasynyň ähmiýeti barada aýdyp, oňa gatnaşyjylar onuň hünär gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna, öňdebaryjy maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň ýaýradylmagyna ýardam berjekdigine, şeýle hem oňa agza ýurtlaryň arasynda has ýygjam gatnaşyk etmäge täze usullary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler.