img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Bişkekde Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna bagyşlanan çäre geçirildi

img
img
img
img

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda I. Arabaýew adyndaky Gyrgyz döwlet uniwersitetinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna, ýurduň gazanan üstünliklerine we halkara başlangyçlaryna bagyşlanan çäre geçirildi.

Çärä türkmen talyplary, türkmen diasporasynyň wekilleri, şeýle hem uniwersitetiň professor-mugallymlary gatnaşdylar.

Onuň dowamynda Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanan üstünlikleri barada gürrüň berildi. Gatnaşyjylar milli bilim ulgamyny ösdürmek, ýaşlary goldamak hem-de halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen «Halkara hukugynyň ýyly, 2028-nji ýyl» atly Kararnama aýratyn üns berildi. Bu başlangyjyň döwletara gatnaşyklaryň halkara hukuk esaslaryny berkitmekde, parahatçylygy gorap saklamakda we netijeli dialogy ösdürmekde ähmiýeti nygtaldy.

Şeýle hem 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara çäreleriň jemleri barada maglumat berildi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sekizinji Konsultatiw duşuşygy Azerbaýjanyň doly hukukly gatnaşmagynda ilkinji gezek resmi taýdan altytaraplaýyn formatda geçirildi. Daşky gurşawy goramak babatda Hazarýaka döwletleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmekde Birinji Hazar ekologiýa sammitiniň ähmiýeti hem bellenildi.

Duşuşygyň soňunda Türkmenistan bilen Gyrgyz Respublikasynyň arasynda ylym-bilim we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň ähmiýeti nygtaldy. Şunda ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, talyplary alyşmagyň, bilelikdäki ylmy barlaglaryň we ýaşlar taslamalarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakdaky orny bellenildi.