img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Iwan Wolynkiniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-rus gün tertibiniň häzirki meselelerine garadylar, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar we bilelikdäki işiň mundan beýläkki ugurlaryny kesgitlediler.

Şeýle hem yzygiderli syýasy-diplomatik dialogy dowam etdirmegiň we ýokary hem-de iň ýokary derejedäki özara saparlary guramagyň meselelerine aýratyn üns berildi.