img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Daşary işler ministri ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

photo

2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Wilýam Lif bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we ÝHHG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Sebitleýin howpsuzlyk, ykdysady-ekologik hyzmatdaşlyk we ynsanperwer gatnaşyklar bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar daşky gurşawy goramak we Hazar sebitiniň ekologik howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlygyň ähmiýetini bellediler.