img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistan we Türkiýe hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ygrarlylygyny tassykladylar

photo

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow türk tarapyny Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň (ADF-2026) üstünlikli geçirilmegi hem-de onuň ýokary derejede guralmagy bilen gutlady.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar iki döwletiň Prezidentleriniň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň tagallalarynyň netijesinde döwletara gatnaşyklaryň däp bolan ýokary derejesini, olaryň depginli we üstünlikli ösdürilýändigini bellediler.

Ministrler syýasy-diplomatik gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, parlamentara hyzmatdaşlygy giňeltmek hem-de şertnama-hukuk binýadyny berkitmek bilen bagly meseleleriň giň toplumyna garadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar halkara gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyp, sebit durnuklylygyny we howpsuzlygyny pugtalandyrmak bilen bagly ugurlarda garaýyşlarynyň ýakyndygyny tassykladylar.