img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

photo

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Antalýa şäherinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar şu ýylyň dowamynda iki ýurtda hem geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary döwlet derejesindäki duşuşyklara taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berdiler.

Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça hem pikir alyşdylar.