img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen-ukrain hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

photo

 

18-nji aprelde Antalýa şäherinde geçirilen Bäşinji Antalýa diplomatik forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Andreý Sibiganyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça türkmen-ukrain hyzmatdaşlygyny dowam etdirmek we mundan beýläk-de ösdürmek boýunça taraplaryň umumy meýli tassyklanyldy.

Amaly hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk meselelerine hem-de ynsanperwer ugur boýunça gatnaşyklary ösdürmek meselelerine garaldy.