img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi

photo

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky wekilhanasy bilen ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini nygtadylar.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmalar geçirildi, şol sanda häzirki gün tertibinde duran birnäçe bilelikdäki başlangyçlar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirip, netijeli dialogy dowam etdirmäge taýýardyklaryny tassykladylar.