Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň ABŞ-na sapary başlandy

photo

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa gatnaşyklary has-da öňe ilerletmekde möhümdir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň dostlukly ýurda şu gezekki sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda täze sahypany açar.

Belli bolşy ýaly, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýar hem-de häzirki wagtda yzygiderli ösüş bilen häsiýetlendirilýär. Amerikan kompaniýalary oba hojalygynda we senagatda bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşýarlar.

Işewür gatnaşyklaryň giňelmegi birek-birege hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-amerikan hyzmatdaşlygynyň uly mümkinçilikleriniň bardygyny tassyklaýar. ABŞ-nyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistandaky maýa goýum taslamalaryna gyzyklanmasy özara peýdaly hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de giňeldilmegi üçin amatly şertleri döretmäge ýardam berýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna bu sapary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şanly wakalarynyň üstüni ýetirip, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de sazlaşykly ösdürilmegine ýardam eder.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a sapary dowam edýär.