Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

photo

2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuýy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga zerur üns berýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda, Suý Dunýuý Türkmenistanyň ählumumy ekologik derejede abadançylygy üpjün etmek boýunça halkara başlangyçlarynyň ähmiýetini nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iri halkara düzümiň ýolbaşçysyny mähirli mübärekläp, onuň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň dowamynda howanyň üýtgemegi bilen bagly şertlerde azyk howpsuzlygy boýunça gatnaşjak sebitleýin maslahatynyň bu meseleler boýunça pikir alyşmak üçin möhüm mümkinçilik boljakdygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti bu maslahatyň halkara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrjakdygyna, täze başlangyçlara itergi berjekdigine hem-de howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygynyň ählumumy meselelerini çözmäge mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirip, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary, şol sanda FAO bilen hyzmatdaşlyk etmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen FAO-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk barada aýdyp, häzirki wagtda oba hojalyk pudagyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen birnäçe taslamalaryň amala aşyrylýandygyny belledi.

Türkmenistanda bu düzümiň goldawy bilen oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga, ýer serişdelerini dolandyrmagy kämilleşdirmäge gönükdirilen taslamalar üstünlikli amala aşyryldy hem-de häzirki zaman tehnologiýalary ornaşdyryldy. Mundan başga-da, oba hojalyk ekinlerini goramak boýunça milli we sebit derejesinde tagallalary pugtalandyrmaga gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirilýär. “Ýaşyl” howa gaznasynyň çäklerindäki başlangyçlar, “Bitewi saglyk” konsepsiýasy ilerledilýär.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory Suý Dunýuý birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.