Türkmenistanyň Prezidenti “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy
2025-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa iş saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammitine gatnaşdy.
Sammitiň geçirilýän ýerinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sanae Takaiti mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz hem-de Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy bilelikde surata düşdüler.
Soňra “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň birinji sammiti geçirildi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri ýokary derejeli duşuşygy açyp, çakylygy kabul edip gelendikleri üçin sammite gatnaşyjylara hoşallyk bildirdi we Ýaponiýanyň durnukly we gülläp ösýän sebit hökmünde Merkezi Aziýanyň möhüm ornuny ykrar edýändigini belledi. Şeýle hem ol Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ýaponiýanyň esasy hyzmatdaşlary bolup durýandygyny nygtady.
Soňra sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Ýaponiýanyň Hökümetine minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistanyň şu günki duşuşyga häzirki ählumumy geoykdysady we syýasy ýagdaýlary, dünýä ösüşiniň merkezi hökmünde Aziýanyň barha artýan ornuny nazara alyp, Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Ýaponiýanyň arasyndaky özara gatnaşyklary hil we many-mazmun taýdan täzelemek üçin möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň sammitiniň yzygiderli esasda geçiriljekdigine umyt bildirdi.
Türkmenistan Merkezi Aziýa bilen Ýaponiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegi, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň açylmagy hem-de iş ýüzünde täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylmagy ugrunda çykyş edýär. Ykdysady, maýa goýum hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Indi köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan meşhur ýapon kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, gaz pudagy, himiýa senagaty, elektroenergetika, ulag, suw hojalygy ýaly strategik taýdan ähmiýetli ulgamlarda iri we uzak möhletleýin taslamalary durmuşa geçirýär.
Merkezi Aziýa ýurtlary Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek üçin uly serişdelere eýedirler. Biziň umumy wezipämiz dialoga gatnaşyjylaryň ählisiniň güýçli taraplaryny doly herekete getirmekden ybaratdyr.
“Ýaşyl” geçiş şeýle ugurlaryň biridir. Türkmenistan Ýaponiýanyň “ýaşyl” energetika we durnukly ösüş ulgamyndaky başlangyçlaryna uly gyzyklanma bilen garaýar. Türkmenistan energiýa tygşytlaýjy, metan zyňyndylaryny azaltmak, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini we beýleki ugurlaryny ornaşdyrmak syýasatyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Wodorod energetikasy aýratyn üns berilmegini talap edýän meseledir.
Nygtalyşy ýaly, dialogyň çäklerinde durnukly ösüşi üpjün etmekde ählumumy tagallalaryň bölegi hökmünde Merkezi Aziýada “ýaşyl” geçişiň umumy çemeleşmelerini işläp taýýarlamak maksadalaýyk hasaplanýar.
Howanyň üýtgemegi bilen bagly, şol sanda sebitde ýöriteleşdirilen merkezleriň, hususan-da, BMG-niň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyçlary goldamak boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi möhüm hasaplanýar. Bu meselede Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk uly ähmiýete eýedir.
Prezident Serdar Berdimuhamedow özara baglanyşyk barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň ulag we üstaşyr baglanyşygyň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini belledi.
Bellenilişi ýaly, adam mümkinçiliklerini ösdürmek möhüm ugur bolup durýar. Türkmenistanyň talyplarynyň we mekdep okuwçylarynyň müňlerçesi häzirki wagtda ýapon dilini öwrenýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň, talyplaryň we akademiki toparlaryň gatnaşyklaryny üpjün etmek maksady bilen, “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” ýaşlar forumyny döretmek başlangyjy bilen çykyş edýäris. Şeýle hem “Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň zenanlarynyň dialogy” atly hemişelik hereket edýän platformany döretmegi teklip edýäris diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti häzirki zaman şertlerinde açyk we oňyn halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ornuny nygtap, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly senesine bagyşlanyp, şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçirilen iri halkara forumyň ähmiýetini belledi.
Halkara hukugy ileri tutmak ýörelgelerini berjaý etmek, şeýle hem BMG-niň konwensiýalarynyň, şertnamalarynyň, ylalaşyklarynyň, beýleki köptaraplaýyn resminamalaryň iş ýüzünde berjaý edilmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmak esasy şert bolup durýar diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy we sammite gatnaşyjylardan 2028-nji ýyly “Halkara hukugyň ýyly” diýip yglan etmek baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny goldamagy haýyş etdi.
Şeýle hem Türkmenistan ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlyk, ýadro synaglarynyň ähli görnüşlerini gadagan etmek, ýaragsyzlanmak tertibini üpjün etmek ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna uly ähmiýet berýär.
Sözüniň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa -Ýaponiýa” dialogynyň halklarymyzyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigine hem-de halkara hyzmatdaşlygyň durnukly we netijeli gurallaryny kemala getirmegiň möhüm şerti bolup durýandygyna ynam bildirdi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri çuň manyly çykyşy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, beýan edilen teklipleriň möhüm ähmiýetini belledi.
Sammite gatnaşyjylar energiýa serişdelerini ibermegiň durnukly zynjyrlaryny pugtalandyrmak, Hazarüsti halkara ulag geçelgesini ösdürmek, senagat we beýleki ulgamlara emeli aňy ornaşdyrmak, Merkezi Aziýada wodorod energetikasy tehnologiýalaryna maýa goýumlary çekmek, medeni we akademiki alyşmalary ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň jemleri boýunça «Merkezi Aziýa - Ýaponiýa» dialogynyň sammitiniň Tokio Jarnamasy hem-de ykdysadyýet we energetika babatda ministrler derejesindäki Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.
***
Şol gün wekiliýet Baştutanlary “Merkezi Aziýa - Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahatynyň plenar mejlisine hem gatnaşdylar.
Plenar mejlisiň dowamynda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalary yglan etmek dabarasy boldy.
Işewürlik maslahatynyň dowamynda “Ýaşyl” energetika we durnuklylyk”, “Sanly özgertmeler we özara baglanyşyk”, “Maliýe, adam serişdeleri we jemgyýetçilik ulgamynyň işewürligi ösdürmekde eýeleýän orny” atly mowzuklaýyn mejlisler geçirildi. Foruma türkmen tarapyndan ýurdumyzyň degişli döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň giň wekilçilikli düzümi gatnaşdy.
Ýaponiýa iş saparynyň maksatnamasy tamamlanandan soňra, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Tokio şäheriniň Haneda Halkara howa menziline bardy we ol ýerden Watanymyza ugrady.
***
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň iş saparynyň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýet agzalary Ýaponiýanyň wekilleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler.