Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlary metbugat wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy we türkmen wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, bu taryhy saparyň doganlyk ýurtlaryň arasynda ýola goýlan aýratyn ýakyn gatnaşyklaryň aýdyň güwäsidigini aýtdy.
Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti bilen geçirilen gepleşikleriň ähli ugurlary öz içine alýan gatnaşyklary ösdürmekde, iki doganlyk ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde we ony täze belentliklere çykarmakda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna ynamyny bildirdi.
«Soňky ýyllarda özara söwda dolanyşygy ep-esli artdy. Şunda «Şabat — Daşoguz» serhetýaka söwda zolagyna aýratyn orun degişlidir. Şu gün biz hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen ony işe girizmek dabarasyna gatnaşdyk. Biz bu tejribäni beýleki serhetýaka sebitlerde, ilkinji nobatda, Olot-Farap sebitinde durmuşa geçirmegi maksat edinýäris” diýip, Prezident Şawkat Mirziýoýew sözüniň üstüni ýetirdi.
Şeýle-de ol gepleşiklerde energetika meselesine aýratyn üns berlendigini, taraplaryň elektrik energiýasyny ibermekde we üstaşyr geçirmekde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga, iki ýurduň çäginde bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga ygrarlydyklaryny tassyklandyklaryny belledi.
Özbegistanyň Prezidenti sebitara hyzmatdaşlygyň hem möhüm ugurlaryň biridigini, onuň uly gyzyklanma bildirilýän we geljegi uly formatdygyny belläp, muňa bilelikdäki tagallalar arkaly göz ýetirilendigini aýtdy.
Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalaryň çäklerinde özara goldaw bermegiň tejribesini dowam etdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Sebit hem-de halkara gün tertibiniň ähli möhüm meseleleri boýunça garaýyşlaryň doly gabat gelýändigini kanagatlanma bilen bellemek bilen, Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentiniň şu gezekki döwlet saparynyň netijeleriniň köp asyrlardan bäri dowam edip gelýän dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigini belledi.
Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe bildirilen myhmansöýerlik hem-de netijeli, many-mazmunly gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirip, olaryň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary berkitmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygynyň tassyklanandygyny, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek babatda möhüm ugurlaryň kesgitlenendigini hem-de birnäçe möhüm resminamalara gol çekilendigini aýtdy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow halkara we sebit guramalarynyň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň meselelerine aýratyn üns berlendigini belläp, Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Özbegistan Respublikasynyň Prezidentine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
“Daşoguz – Şabat” söwda merkeziniň açylmagynyň ähmiýeti hem nygtaldy. Şeýle-de energetika, ulag-kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy, ekologiýa, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ulag ulgamynda taraplar Merkezi Aziýanyň ulag ulgamlaryny birleşdirýän we ýurtlarymyza iri halkara ugurlara çykmagy üpjün edýän döwrebap ulag infrastrukturasyny döretmek boýunça ýakyn hyzmatdaşlygy dowam etdirerler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini ulanmak baradaky teklibiň ýene-de bir gezek beýan edilendigini, Özbegistan—Türkmenistan—Eýran—Oman—Katar ulag ugrunyň taslamasyny tiz durmuşa geçirmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmegiň möhümdiginiň bellenilendigini aýtdy.
Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygy nygtaldy.
Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, taraplar medeniýet, bilim, ylym, saglygy goraýyş, bedenterbiýe, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.
Sözüniň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Liderine we özbek wekiliýetiniň agzalaryna bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek çuňňur minnetdarlygyny bildirdi.
Soňra Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Daşkent şäheriniň Halkara howa menziline bardylar.
Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijelerine we gazanylan ylalaşyklara kanagatlanma bildirip, Türkmenistanyň we Özbegistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigini tassykladylar we birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, bu ýerden Watanymyza ugrady.
***
Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana döwlet saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýet agzalary özbek kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdiler. Duşuşyklaryň dowamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.