Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

photo

2025-nji ýylyň 17-nji noýabrynda, Özbegistan Respublikasyna döwlet saparynyň ikinji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Prezident Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejeli gepleşikler geçirildi.

Ir bilen Prezident Serdar Berdimuhamedow “Ýangi Uzbekiston” seýilgähine bardy we bu ýerde “Garaşsyzlyk” ýadygärligine gül goýdy.

Döwlet Baştutanymyzy goňşy ýurduň resmi adamlary we Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary garşyladylar. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýadygärligiň aýratynlyklary bilen tanyşdyryldy.

Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň awtoulag kerweni “Kuksaroý” döwlet kabulhanasyna tarap ugrady. Köşgüň merkezi girelgesinde Prezident Serdar Berdimuhamedowy Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady.

Iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Özbek Lideri belent mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimize Özbegistana döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow Özbegistana sapar bilen gelmäge çakylyk hem-de türkmen wekiliýetine bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew däp bolan özbek-türkmen gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny belläp, türkmen halkynyň Milli Liderine iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Özbegistanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyzy ýene-de bir gezek mähirli mübärekläp, hormatly Prezidentimiziň şu gezekki döwlet saparynyň iki halkyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mizemezliginiň aýdyň beýany bolup durýandygyny nygtady.

Dostlukly ýurduň Baştutany söwda, ulag, energetika, suw hojalygy ulgamlarynda we beýleki möhüm ugurlarda amala aşyrylan bilelikdäki işe ýokary baha bellenildi. Şeýle-de senagat kooperasiýasyny giňeltmek maksady bilen, gurluşyk serişdelerini, derman serişdelerini, azyk önümlerini we beýleki isleg bildirilýän harytlary öndürmek boýunça täze taslamalara işewür toparlary işjeň çekmegiň möhümdigi bellenildi.

Energetika ulgamynda netijeli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy. Ulag ulgamy iki ýurduň ykdysadyýetlerini baglanyşdyrýan wajyp pudak bolup durýar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň syýasy-diplomatik ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmagyň möhüm şerti bolup çykyş edýändigini belläp, halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da ýakyndygyny aýtdy we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin özbek tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk özara gatnaşyklaryň netijeli ugry bolmagynda galýar. Söwda-ykdysady ulgam barada aýdylanda, bu hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we häzirki wagtda söwda, ulag-kommunikasiýalar, ýangyç-energetika toplumy, senagat, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak ýaly ugurlary öz içine alýar.

Ulag ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý — Gyrgyzystan — Özbegistan — Türkmenistan we ondan aňryk Hazar deňzine, Pars aýlagyna çykýan ulag ugrunyň ähmiýetine üns çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow türkmen-özbek serhedinde dünýäniň iri ulag kompaniýalaryny we halkara maliýe institutlaryny çekmek arkaly Farap — Olot ulag-logistika merkezini döretmek baradaky meselä seretmegiň teklip edilendigini aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurda bilelikdäki işe taýýardygyny tassyklady.

Energetika ulgamy iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň bu hyzmatdaşlygy özara kabul ederlikli şertlerde çuňlaşdyrmaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem oba hojalygy, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, metallurgiýa, gurluşyk senagaty, ekologiýa tehnologiýalary, dokma we derman senagaty ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň wajypdygy bellenildi.

Suw meselesi ikitaraplaýyn we sebit gatnaşyklarynda möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň suw-energetika meselelerine halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda garalmalydygyndan ugur alýandygyny belledi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýandygy hem bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmäge şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky däp bolan doganlyk gatnaşyklarynyň iki ýurduň we olaryň halklarynyň bähbidine, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ruhunda mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.