Türkmenistan bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler ministrleri hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini telefon arkaly ara alyp maslahatlaşdylar
2025-nji ýylyň 13-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gana Respublikasynyň Daşary işler we sebit integrasiýasy ministri Samuel Okudzeto Ablakwanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Telefon söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma döredýän ugurlar boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Köptaraplaýyn formatda, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti tassyklandy.
Söhbetdeşligiň dowamynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabat şäherinde geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna taýýarlyk meselelerine aýratyn hem üns berildi.