Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasyndaky gepleşikler

2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Gruziýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Maka Boçorişwiliniň arasynda gepleşikler geçirildi.
Taraplar syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşdylar. BMG-niň hem-de beýleki halkara guramalarynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.
Duşuşygyň dowamynda ministrler ýokary derejedäki ikitaraplaýyn saparlaryň ähmiýetini hem-de Daşary işler ministrlikleriniň arasynda yzygiderli geňeşmeleriň geçirilmeginiň wajyplygyny bellediler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ulag, söwda, bilim, ylym, sport we syýahatçylyk ulgamlaryny özara gyzyklanma döredýän möhüm ugurlar hökmünde bellediler.
Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini bellemek bilen, taraplar özara medeni çäreleri geçirmek arkaly bu ugurdaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirdiler.