Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşdy

2025-nji ýylyň 5-7-nji apreli aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Daşkent şäherinde geçirilen Parlamentara bileleşigiň 150-nji ýubileý Assambleýasyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda saparda boldy.
Saparyň çäklerinde Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Parlamentara bileleşigiň Assambleýasyna gatnaşmak üçin Daşkent şäherine gelen Merkezi Aziýa döwletleriniň parlament ýolbaşçylaryny kabul etdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň adyna ýollan mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň ösüşiniň ýokary derejesini bellediler.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň Parlamentara bileleşigiň Baş sekretary Martin Çungong, Parlamentara bileleşigiň Prezidenti Tulia Akson, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa, Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Kanun çykaryjy palatasynyň Başlygy Nuriddin Ismoilow, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy Walentina Matwiýenko, Belarus Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň Respublika Geňeşiniň Başlygy Natalýa Koçanowa bilen duşuşyklary geçirildi.
Ikitaraplaýyn duşuşyklaryň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025-nji ýyl», «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalarynyň kabul edilmeginiň hem-de ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýeti nygtaldy.
Taraplar türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Dialog – parahatçylygyň kepili” atly filosofiýasynyň ýurtlaryň arasyndaky parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda möhüm başlangyç bolup çykyş edýändigini aýratyn bellediler.