Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşyk geçirildi

2025-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň (CAREC) Ýerine ýetiriji direktory Zafar Mahmudowyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar daşky gurşawy goramak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Özara hyzmatdaşlyk, hususan-da, Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça halkara başlangyçlary, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmekdäki tagallalary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meseleleri boýunça pikir alyşyldy.

BMG-niň howanyň üýtgemegi bilen bagly Çarçuwaly Konwensiýasyna, Kioto teswirnamasyna we Pariž ylalaşygyna goşulmak bilen, Türkmenistanyň öz üstüne alan ähli borçnamalaryny doly ýerine ýetirýändigi nygtaldy.

Şeýle hem taraplar CAREC-iň Türkmenistandaky Taslama edarasynyň sebitiň ýurtlarynyň tebigaty goramak we suw boýunça pudak edaralarynyň wekilleriniň arasynda sebitleýin gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam bermäge gönükdirilen ähmiýetli işini bellediler.

Konstruktiw söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Türkmenistan bilen CAREC-iň arasynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlygyklaryny bellediler.