img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
31 Dek

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl haýyr-sahawat çäresini geçirdi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi Täze ýyl mynasybetli haýyr-sahawat çäresini geçirdi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi köp çagaly enelere, dürli ýaşdaky maýyp adamlara, ýetim çagalara, gartaşan adamlar üçin öýlerde ýaşaýan ýaşuly adamlara, şeýle hem 80 ýaşdan ýokary bolan pensionerlere baýramcylyk sowgatlaryny gowşurdy. Meýletinçiler ýurdumyzyň welaýatlaryndaky we paýtagtymyzdaky ýöriteleşdirilen edaralara we öýlere baryp, jemi bahasy 800 müň manat...

DOWAMY
pic
31 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl gutlagy

Eziz watandaşlar! Mähriban halkym! Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň toý-baýramlara beslenen 2017-nji — Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly tamamlanyp barýar. Biz uly üstünlikler gazanylan 2017-nji ýyl bilen hoşlaşyp, ata Watanymyzy ýokary sepgitlere çykarjak Täze — 2018-nji ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşylaýarys. 2018-nji ýyl — Gündogar müçenamasy boýunça it ýyly. Türkmeniň öý-ojagynyň, mal-garasynyň goragçysy bolan itiň wepadarlygy üçin, halkymyz «It geldi — gut geldi» diý...

DOWAMY
pic
29 Dek

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde 2017-nji ýylyň ähmiýetli wakalarynyň üstünde durlup geçildi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň şu ýyldaky iň soňky, Täze ýyl baýramçylygynyň öňýanyndaky mejlisini geçirdi. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz şu ýyl ýerine ýetirilen işleriň jemlerini jemledi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde dünýä ykdysadyýetinde çylşyrymly ýagdaýlar dowam edýär. Halkara pul gaznasynyň 2017-nji we 2018-nji ýyllar üçin dünýä boýunça jemi içerki önümiň ösüşi babatdaky çaklamasynyň gowulanýandygyna garamazda...

DOWAMY
pic
29 Dek

ГАЗОПРОВОД ТАПИ: ИЗ ИДЕИ В РЕАЛЬНОСТЬ

Как известно, важным аспектом энергетической стратегии Туркменистана является расширение географии экспортных маршрутов поставок туркменских энергоносителей на мировые рынки, в том числе, за счёт создания  многовариантной транспортной инфраструктуры. В этой сфере реализуются крупные инвестиционные проекты, среди которых особое место занимает строительство газопровода Туркменистан-Афганистан-Пакистан-Индия (ТАПИ). О том, как продвигается данный проект, имеющий важное международное значение, мы по...

DOWAMY
pic
28 Dek

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Katar Döwletiniň Emiriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Birek-biregi ýetip gelýän Täze, 2018-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap we hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň Liderleri türkmen-katar gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary bilen baglanyşykly meseleler babatda maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini kanagatlanma bilen belläp, Türkmenistanyň we Kataryň B...

DOWAMY
pic
28 Dek

HYTAÝDAN EÝRANA TÄZE UGUR BOÝUNÇA NOBATDAKY ÝÜK OTLUSY GOÝBERILDI

2017-nji ýylyň 28-nji dekabrynda Hytaý Halk Respublikasynyň Hunan welaýatynyň dolandyryş merkezi Çanşa şäherinden Gazagystanyň we Türkmenistanyň üsti bilen Tährana çenli nobatdaky synag ýük otlusynyň goýberilişi boldy. Bu ýük otlusynyň ugry Hytaý demir ýol torunyň ulgamlarynyň,  hususan-da Horgos serhetýaka geçelgesiniň,  Altyn koý-Bolaşak (Gazagystan) demir ýollarynyň ugry, Türkmenistanyň Serhetýaka, Akýaýla demir ýol ulgamynyň üsti bilen soňra Tähranyň gapdalyndan geçip gidýär. Çanşa - T...

DOWAMY
pic
28 Dek

TÜRKMEN HOWA ÝOLLARY AŞGABAT-ÝEREWAN-FRANKFURT UGRY BOÝUNÇA GATNAWY AÇDY

Türkmen howa ýollary Aşgabat-Ýerewan-Frankfurt-Ýerewan-Aşgabat ugry boýunça gatnawy açdy. Bu halkara gatnawy “Türkmenhowaýollary” gullugynyň howa uçuşlarynyň gatnaw tertibiniň üstüni ýetirdi hem-de syýahatçylygy söýýänler we işewürler üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Aşgabat bilen Ýerewanyň arasynda göni howa gatnawyny açmagyň mümkinçilikleri barada şu ýylyň awgust aýynda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň barşynda g...

DOWAMY