SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Mejlisi “Ulag howpsuzlygy hakynda”, we “Telewidenie we radiogepleşikler hakynda” kanunlary kabul etdi
Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň ýigrimi altynjy maslahaty geçirildi, onda täze kanunlar we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Maslahata ýurdumyzyň Hökümet agzalary, degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň häkimleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibine laýyklykda, “Ulag howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna...
Türkmenistan 2018-nji ýyl üçin iň gowy syýahatçylyk ugurlarynyň hatarynda
Syýahatçylaryň sanynyň hem-de meşhur syýahatçylyk kompaniýalarynyň we iri ýöriteleşdirilen neşirleriň, maglumatlar serişdeleriniň ünsüniň artmagy halkara syýahatçylygyň täze geljegi uly ugry hökmünde ýurdumyzyň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda kemala gelýän syýahatçylygyň we myhmansöýerligiň milli nusgasyna bütin dünýäde gyzyklanmanyň barha ýokarlanýandygynyň aýdyň...
Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Prezidentini diplomatik gatnaşyklaryň 25 ýyllygy bilen gutlady
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç! Özbegistan Respublikasynyň köp milletli halkynyň adyndan we hut öz adymdan ýurtlarymyzyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Size hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde bize köpasyrlyk hem-de däp bolan ysnyşykly özbek-türkmen gatnaşykla...
Hajymyrat Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, Hajymyrat Iskanderowiç Hajymyradow Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň Iş Dolandyryjysy wezipesine bellenildi. Ozal ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Köşkler toplumyny dolandyrmak we düýpli gurluşyklar müdiriýetiniň başlygy wezipesinde işleýärdi.
Mekdep okuwçylarynyň 7 müňden gowragy gyşky dynç alyşlaryny Gökderäniň sagaldyş merkezlerinde geçirerler
Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada dabaraly çäre boldy. Bu çäre çagalaryň gyşky dynç alyş möwsümine badalga berdi. Çagalar Türkmenistanyň iň ajaýyp künjekleriniň birine—gözel Gökderä ugraýarlar. Şol ýerde 10-dan gowrak dynç alyş we sagaldyş merkezleri ýerleşýär. Şu günler paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdança ertekileri ýada salýan şäherjige öwrüldi. Owadan bezelen arçadan başga-da, wepaly dost hem-de goragçy alabaý dabaranyň esasy nyşanla...
Täze, 2018-nji ýyly belent sepgitlere ýetmek arzuwlary bilen garşylaýarys!
Türkmenistanlylar Täze, 2018-nji ýyly uly dabaralar bilen garşyladylar we ony agzybir maşgala hökmünde dabaralandyrdylar. Biz Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýyly bolan hem-de ýatdan çykmajak köp sanly täsirler, şol sanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçmegi mynasybetli ýakymly wakalar bilen aňymyzda galan 2017-nji ýyly uly abraý bilen tamamladyk. Ministrler Kabinetiniň 29-njy dekabrda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbangu...
Hormatly Prezidentimiz heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” adyny dakdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdümekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşa asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe Türkmenistanyň “Hormat...