SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATNAMALARY BOÝUNÇA YLMY-USULYÝET MERKEZI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda Durnukly ösüşiň wezipeleri boýunça ylmy-metodiki merkeziň açylyş dabarasy boldy. Merkezi açmak we institutyň täze düzümini kesgitlemek boýunça degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gol çekdi. Dabara Türkmenistanda ýerleşýän halkara guramalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler min...
GRUZIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI GIORGI KWIRIKAŞWILINIŇ TÜRKMENISTANA RESMI SAPARY
2017-nji ýylyň 29-30-njy awgustynda Gruziýanyň Premýer-ministri Giorgi Kwirikaşwili Aşgabatda resmi sapar bilen boldy. 30-njy awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gruzin hökümetiniň ýolbaşçysy bilen duşuşygy geçirildi. Gruziýanyň Premýer-ministri bilen salamlaşyp, Türkmenistanyň Prezidenti ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň netijelerine kanagatlanma...
TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGSYZLANMAK WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA SYÝASATY
Türkmenistanyň daşary syýasy ideologiýasynyň özeni ählumumy howpsuzlygyň berk we uzakmöhletleýin ulgamyny döretmekde harby däl, syýasy-diplomatik gurallar bilen hemmetaraplaýyn ýardam bermek bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenilip taýýarlanylan howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmezligi konsepsiýasy, häzirki zaman syýasy ylmyna uly goşant bolmagy bilen, şu günki gün Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde amaly esasy bolup çykyş edýär. Şu ýerde biziň ýurd...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ERMENISTANA RESMI SAPARY
2017-nji ýylyň 23-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynda resmi sapar bilen geldi. Ýerewanyň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli türkmen myhmanyny Ermenistanyň ýokary derejeli resmi wekilleri garşyladylar. Howa menzilinden Türkmenistanyň Prezidentiniň awtomobil kerweni saparyň dowamynda Türkmenistanyň Baştutanynyň kabulhanasy bolan döwrebap “Radisson Blu” myhmanhanasyna geldi. 24-nji awgustda irden Türkmenistanyň Prezidenti Gurban...
TÜRKMENISTANYŇ OLIMPIÝA ŞÄHERÇESINIŇ DESGALARY-GINNESIŇ REKORDLAR KITABYNDA
?Guinness World Records» kompaniýasynyň wekilleri Aşgabadyň täze gözel ýerleriniň käbir desgalaryny ölçegleri boýunça iň irisi hökmünde bellige aldylar. Olary tassyklaýan güwänamalara laýyklykda, ekologiki taýdan iň arassa serişdeler ulanylyp gurulan dünýä ölçeglerine laýyk gelýän öňdebaryjy tehnologiýalar we paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynyň münberini bezeýän ahalteke bedewiniň şekili dünýäde atyň iň uly nyşany hökmünde, Sportuň suw görnüşleri merkezi bolsa dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti...
AŞGABATDA V AZIÝA OÝUNLARYNA 30 GÜN GALMAGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 17-nji awgustynda Türkmenistanyň paýtagtynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 30 gün galmagy mynasybetli çäreler badalga aldy. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ähli çäreler bilen birlikde “Awtoulagsyz gün” atly köpçülikleýin ekologiýa çäresine, şeýle hem durmuş maksatly desgalaryň açylyş dabaralaryna gatnaşdy. Irden Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli ýörişe badalga berdi. Döwlet baştutanynyň ýolbaşçylygyndaky ýörişe gatnaşyjylar Saglyk ýolun...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MEJLISI: TÜRKMENISTANYŇ DÖREDIJILIKLI GÜN TERTIBI
Ýene birnäçe hepdeden Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň nobatdaky, 72-nji mejlisi öz işine başlaýar. Indi birnäçe ýyllardan bäri dowam edip gelýän däbe görä, halkara durmuşynyň bu möhüm wakasynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatyna gyşarnyksyz eýermek bilen, ýurdumyzyň öňümizdäki syýasy möwsümiň dowamynda amala aşyrjak we gorajak ileri tutulýan garaýyşlaryny halka ýetirýär. Türkmen diplomatiýasy...