SOŇKY HABARLAR
AFRIKALY BOSGUNLAR TOPARY SPORTUŇ ÝEŇIL ATLETIKA GÖRNÜŞI BOÝUNÇA YLGAW ÝODAJYGYNDA ÝARYŞAR
Aşgabat 2017-ä gatnaşýan bäş türgenden ybarat bolan bosgunlar topary mälim edildi we sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça ýaryşlara gatnaşarlar. Wekiliýet toparynyň ýolbaşçysy Kenýanyň meşhur ylgaýjy zenany Tegla Lorop bolup, onuň ýanynda başga-da iki sany wekil we tälimçi bolar. Bäş sany bosgun türgen bolan - Polo Amotun Lokoro (1500m), Wiýual Puok Deň (400m), Gaý Ýaň Tap (800m), Ukuk Uthu Bul (3000m) we Ýeh Pur Biel (800m) “Tegla Lorop” adyndaky Parahatçylyk Guramasynyň Naýrobide gurnan ý...
Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny, şeýle hem her haýsynyň hümmeti 100 manada deň bolan “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy. Ýurdumyzyň Merkezi bankynda geçirilen metbugat maslahatynda...
V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ POÇTA MARKALARYNYŇ TOPLUMY TÜRGENLER WE JANKÖÝERLER ÜÇIN ÝADYGÄRLIK BOLAR
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar. Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, S...
TÜRKMENISTAN BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 72-NJI MASLAHATYNA GATNAŞMAGA TAÝÝARLANÝAR
2017-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň,...
AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...
«Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawy ýakyldy
Şu gün Türkmenistanda şanly sene - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi. Şu mynasybetli paýtagtymyzda hem-de Mary welaýatynda baýramçylyk çäreleri guraldy, olaryň arasynda aragatnaşyga bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda guralan teleköpri üpjün etdi. Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherjigine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, hökümet agzalary,...
TÜRKMENISTANYŇ WE RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDAKY TELEFON SÖHBETDEŞLIGI HAKYNDA
2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda rus tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda telefon söhbetdeşligi geçirildi we onuň dowamynda iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu söhbetdeşligiň çäklerinde esasy üns ýokary derejedäki türkmen-rus duşuşygynyň taýýarlygyna gönükdirildi.