SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ KUWEÝT DÖWLETINE IŞ SAPARY
2017-nji ýylyň 6-7-nji noýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredowyň baştutanlygyndaky wekiliýet Kuweýt Döwletinde iş saparynda boldy. 7-nji noýabrda Türkmenistanyň wekiliýeti Al Baýan köşgünde Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Sabah Al Ahmad Al Jaber Al Sabah tarapyndan kabul edildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R. Meredow şu ýylyň 11-12-nji sentýabrynda Kuweýt...
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa Tehas ştatynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi. Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi, ejir çekenlere bolsa, ti...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI KANUNLARYŇ WE KADALAŞDYRYJY-HUKUK NAMALARYNYŇ BIRNÄÇESINI KABUL ETDI
2017-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň nobatdaky ýigrimi dördünji maslahaty geçirildi, onda taýýarlanylan kanunlaryň we kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi. Deputatlar “Oýlap tapyşlaryň hukuk goragy hakyndaky”, “Senagat nusgalarynyň hukuk goragy hakyndaky” Kanunlarynyň, “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Maşgala kodeksine üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş...
BMG-NIŇ ŽENEWADAKY BÖLÜMINDE OWGANYSTAN BOÝUNÇA SEBITLEÝIN YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA VII MASLAHATYNA (RECCA VII) BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Ženewadaky Milletler Köşgünde 2017-nji ýylyň 14-15-nji noýabrynda Aşgabatda boljak Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça VII maslahatyna (RECCA VII) bagyşlanan toparlaýyn maslahat geçirildi. Maslahatyň işine RECCA-nyň meýilnamalaryna we taslamalaryna gatnaşýan ýurtlaryň BMG-niň Ženewadaky bölüminiň ýanyndaky hemişelik wekilhanalaryň we Halkara söwda merkezi hem-de BMG-niň Ýewropa Ykdysady Komissiýasy ýaly halkara guramalarynyň ýolbaşçylary...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow iki günlük resmi sapar bilen Täjigistan Respublikasyna geldi. Duşenbäniň Halkara howa menzilinde milli Liderimizi Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministri Kohir Rasulzode we beýleki resmi adamlar garşyladylar. Duşenbäniň Halkara howa menzilinden Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar döwründe berilen rezidensiýa ugrady. Soňra Döwlet Baştutanymyzyň awtoulag kerweni “Kasri Millat” köşgüne geldi. Ol ýerde Prezident...
AŞGABATDA “TÜRKMENISTANYŇ NEBITI WE GAZY — 2017” ATLY ХХII HALKARA MASLAHAT WE SERGI AÇYLDY
2017-nji ýylyň 2-nji noýabrynda Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2017” (OGT — 2017) atly ХХII Halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ony “Türkmennebit” döwlet konserni we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilelikde guraýar. Iri nebitgaz forumyna alymlar we bilermenler, hökümet düzümleriniň hem-de iri guramalaryň, dünýäniň öňdebaryjy ýangyç-energetika kompaniýalarynyň we ýurdumyzyň ugurdaş pudak edaralarynyň, şeýle hem türkmen we daşary ýurt ha...
ВСТРЕЧА МИНИСТРОВ ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ТУРКМЕНИСТАНА И ТАДЖИКИСТАНА
1 ноября 2017 года в Министерстве иностранных дел Республики Таджикистан состоялась встреча министра иностранных дел Туркменистана Р.Мередова с министром иностранных дел Таджикистана С.Асловым. В ходе переговоров главы внешнеполитических ведомств обменялись мнениями о нынешнем состоянии и перспективах развития двустороннего сотрудничества. Также они обсудили региональные и международные темы, представляющие взаимный интерес. В первую очередь стороны подробно рассмотрели организационно-прот...