SOŇKY HABARLAR
AŞGABATDA TÜRKMENISTANY WE POLŞANYŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Polşanyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeler geirildi. Polşanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Andreý Papež ýolbaşçylyk etdi. Taraplar türkmen-polýak gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem, ikitaraplaýyn gyzyklanma bildirýän meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistanyň we Polşanyň arasyndaky syýasy-diplomatik özara gatnaşyklarynyň oňyn ý...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE KUWEÝT DÖWLETINIŇ WEKILIÝETI BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 4-nji iýunynda Aşgabatda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen, Kuweýt Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Majdi Ahmad Al-Dhafiri bilen duşuşygy geçdi. Gepleşikleriň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyznatdaşlygynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Uzakmöhletleýin esasda Kuweýt Döwleti bilen hyzmatdaşlygyň aýgytly ugurlaryny bellemegiň çarç...
TÜRKMENISTANDA BÜTINDÜNÝÄ WELOSIPED GÜNI BELLENILDI
2018-nji ýylyň 3-nji iýunynda dünýäniň köp ýurtlarynda ilkinji gezek Bütindünýä welosiped güni bellenildi, bu sene hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyryldy. Ir bilen paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi türkmen paýtagtynyň ajaýyp künjeginde - Köpetdag şaýolunyň we Jülge köçesiniň kesişýän ýerindäki aýla...
TÜRKMENISTAN BILEN GAMBIÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gambiýa Respublikasynyň Daşary işler, halkara hyzmatdaşlyk we daşary ýurtlardaky gambiýalylaryň işleri boýunça ministri Usaini Darbonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Türkmen tarapy Afrika yklymynyň ýurtlary bilen gatnaşyklary ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutlýan ugurlarynyň biri bolup durýar diýip belläp geçdi. Şunuň bilen baglylykda, Gambiýa Respublikasy bilen dürli ugurlarda gatna...
DEGIŞLI DOLANDYRYŞ WE YKDYSADY ÖZARA BAGLANYŞYK - ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITL MASLAHATYNYŇ ÜNS MERKEZINDE
?Degişli dolandyryş we ykdysady özara baglanşyk - ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» - ÝHHG we Türkmenistanyň Hökümetiniň bilelikde gurnan ÝHHG-niň ministrler derejesindäki sebitl maslahatynyň temasy boldy. Maslahat öz işini 2018-nji ýylyň 31-nji maýynda Aşgabatda tamamlady. Iki günlük maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň bäş döwletinden we Owganystandan, we ÝHHG-niň hyzmatdaşlyk boýunça 21 sany agza-döwletlerinden we hyzmatdaşlaryndan 120 golaý wekil gatnaşdy. Çärä halkara guramalaryň, y...
PARLAMENTARA BIRLEŞIGINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Parlamentara Birleşiginiň Baş Sekretary (PB) Martin Çungong bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar Parlamentara Birleşiginiň işiniň esasy ugurlaryny, şeýle hem bu guramanyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň we gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmenistan PB-ni dürli döwletler hem-de PB-niň milli parlament wekiliýetleri bilen köptaraplaýyn we ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ýardam...
AŞGABATDA ÝHHG-NIŇ MINISTRLER DEREJESINDÄKI SEBITLEÝIN MASLAHATY ÖZ IŞINE BAŞLADY
2018-nji ýylyň 30-njy maýynda paýtagtyň “Ýyldyz” myhmanhanasynda ÝHHG-niň “Ýerlikli dolandyryş we ykdysady özara baglanyşyk – ÝHHG-niň sebitiniň öňdebaryjy tejribesi” atly iki günlük ministrler derejesindäki sebitleýin maslahaty öz işine başlady. Maslahat ÝHHG-niň we Türkmenistanyň Hökümetiniň başlangyjy bilen gurnaldy. Maslahatyň ilkinji gününde esasy mejlis we iki sany iş sessiýalary geçirildi. Maslahatyň işine ÝHHG-na agza ýurtlaryň we birnäçe halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöri...