SOŇKY HABARLAR
PHENÝANDA TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA HALK DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-26-njy iýuly aralygynda Phenýanda Türkmenistanyň we Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Geňeşmelere türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew, Demirgazyk Koreýa tarapyndan KHDR-nyň Daşary işler ministriniň orunbasary Sin Hong Çol ýolbaşçylyk etdiler. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen KHDR-nyň arasynda syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda we halkara gur...
OWGANYSTANDA RABATKAŞAN-KALAÝNAU UGRY BOÝUNÇA ELEKTRIK GEÇIRIJISINIŇ WE ELEKTRIK BEKEDINIŇ DABARALY AÇYLYŞY BOLDY
2018-nji ýylyň iýul aýynyň 26-da Owganystan Yslam Respublikasynyň Bathyz welaýatynyň Kalaýnau şäherinde Rabatkaşan-Kalaýnau ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we 110/20 kw elektrik bekediniň dabaraly açylyşy boldy. Bu çärä Owganystanyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani we Türkmenistanyň Energetika ministri Ç.Pürçekowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdylar. Çäräniň başynda türkmen wekiliýetiniň Owganystanyň Prezidenti bilen gysga wagtlyk duşuşygy boldy. Duşuşygyň dowamynda taraplar i...
WENGRIÝANYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Wengriýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Taşkent ş.) Peter Santo bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Wengriýanyň arasyndaky ynamly we özara bähbitli gatnaşyklar barada aýdyp, taraplar yzygiderli esasda geçirilýän işjeň we köpderejeli syýasy gepleşikleri hoşallyk bilen bellediler. Şunlukda ýokary derejelerdäki saparlary...
BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 73-NJI MEJLISINDE TÜRKMENISTANYŇ ILERI TUTÝAN UGURLARY
Baş Assambleýanyň 73-nji mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň köptaraply işinde möhüm waka bolup durýar. Ol gün tertibiniň esasy meselelerini çözmek boýunça halkara tagallalary yzygiderli birleşdirmek, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy berkarar etmekde, 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Durnukly ösüş babatda Gün tertibini doly möçberli amala aşyrmakda, ähmiýetli halkara maslahatlaryň jemleri boýunça gazanylan ylalaşyklar babatda durnukly ösüşi üpjün etmek boýunça agza döwletleri...
ASTRAHANDA “AMUL – HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINIŇ TANYŞDYRYŞ DABARASY GEÇIRILDI
Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Konsullygy (Astrahan şäheri) 2018-nji ýylyň 9-15-nji sentýabrynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän “Amul – Hazar 2018” Halkara awtorallisiniň tanyşdyryş dabarasyny geçirdi. Bu dabara Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky konsuly A.Baýramow, Türkmenistanyň sport we ýaşlar syýasaty ministriniň orunbasary G.Agamyradow, Astrahan oblastynyň Sport ministri M.Fidurow, Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Astrahandaky wekili O.Kolomin, Gazag...
TÜRKMENISTANDA DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNYNYŇ TANYŞDYRYLYŞYNYŇ NETIJELERI HAKYNDA
2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16-20-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň deslapky netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Iş mejlisiniň barşynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we D...
TÜRKMENISTAN EÝRANYŇ HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝÄR
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy. 2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda uçar bilen iberilen ynsanperwer...