SOŇKY HABARLAR
5-NJI AWGUSTDA AŞGABATDA HALKARA MEDIA FORUMY GEÇIRILER
2018-nji ýylyň 5-nji awgustynda Aşgabat şäherinde “Amul-Hazar 2018” Halkara awtorallisine bagyşlanyp Media forumy geçiriler. Bu halkara Media forumyň işine dünýäniň ençeme ýurdundan iri habarlar agentlikleriniň, gazet-žurnallarynyň, internet portallarynyň, teleýaýlymlarynyň wekilleri we sport hünärmenleri hem-de synçylary, şeýle hem Türkmenistanyň ugurdaş pudaklaýyn edaralarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşlar.
ABŞ-NIŇ KONGRESINIŇ WEKILLER PALATASYNYŇ DAŞARY IŞLER BOÝUNÇA KOMITETINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 1-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ABŞ-niň Kongresiniň Wekiller palatasynyň daşary işler boýunça Komitetiniň syýasat meseleleri boýunça geňeşçisi Ewerett Praýsyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler....
MANAMADA TÜRKMENISTANYŇ WE BAHREÝNIŇ ARASYNDA IKITARAPLAÝYN SYÝASY GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleriň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Manama şäherine geldi. Bahreýniň wekiliýetine ýurduň Daşary işler ministriniň halkara gatnaşyklar boýunça orunbasary Doktor Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa baştutanlyk etdi. Geňeşmeleriň gün tertibine ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryna degişli meseleleriň giň toplumy girizilipdir. Duşuşygyň...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara binasynda söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Mejlise iki ýurduň ministrlikleriniň, pudaklaýyn edaralarynyň we hususy düzümleriň ýolbaşçylary hem-de öňdebaryjy hünärmenleri gatnaşdylar. Toparyň gyrgyz bölegine Gyrgyz Respublikasynyň Ykdysadyýet ministri O.M.Pankratow baştutanlyk etdi. Me...
GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 30-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Gazagystan Respublikasynyň täze Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Žandos Asanow bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdylar we Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklary geljekde işjeňleşdirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň oňaýly ösýändigini belläp, taraplar halkara guramalaryň çä...
«AMUL-HAZAR 2018» HALKARA AWTORALLISI BOÝUNÇA MAHABAT ÇÄRELERI DAŞARY ÝURTLARDA IŞJEŇ ÝAÝBAŇLANDYRYLÝAR
?Amul-Hazar 2018», şeýle hem «Turkmen Desert Race-2018» diýlip tanalýan halkara awtorallisini mahabatlandyrmak we giňden tanyşdyrmak boýunça işjeň dowam etdirilýär. Geçen hepdede bu sport çäresi bilen tanyşdyryş işleri Türkmenistanyň Saud Arabystanyndaky, Türkiýe Respublikasyndaky, Ýaponiýadaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky, Awstriýadaky we Koreýa Respublikasyndaky Ilçihanalarynda geçirildi. Tanyşdyryş çäreleri halkara awtorallisi bilen bagly meseleleriň giň toplumyny giňden öz içine aldy. ...
TÜRKMENISTANYŇ KOREÝA HALK-DEMOKRATIK RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 26-njy iýulynda Phenýan şäherinde ýerleşýän Mansude Kongresler köşgünde Türkmenistanyň Koreýa Halk-Demokratik Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ç.Rustamowa bu ýurduň Ýokary Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň başlygy Kim Ýon Nama ynanç hatlaryny gowşurdy.