SOŇKY HABARLAR
DÖWLET GULLUGY AKADEMIÝASYNDA BMG-NIŇ ÖM BILEN BILELIKDÄKI TASLAMASYNY DOLANDYRMAK BOÝUNÇA GEŇEŞINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda Akademiýanyň we BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň bilelikdäki taslamasyny dolandyrmak boýunça Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Duşuşykda 2017-nji ýylda taslamany durmuşa geçirmegiň jemlerine seredildi, şeýle hem 2018-nji ýylda BMG-niň ÖM bilen hyzmatdaşlygyň öňdebaryjy ugurlary bellenildi. Belli bolşy ýaly 2017-2019-njy ýyllara niýetlenen taslama Döwlet gullugy akademiýasynyň ösüşiniň meýilnamalaryny...
LONDONDA TÜRKMEN-BRITAN IŞEWUR GATNAŞYKLARYNYŇ MÜMKINÇILIKLERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2018-nji ýylyň 21-23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň wekiliýeti nobatdaky ikitaraplaýyn syýasy geňeşmeleri geçirmek we Türkmen-Britan söwda senagat geňeşiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin Londonda iş saparynda boldy. 21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary bilen Beýik Britaniýanyň Daşary işler we arkalaşyk işleri boýuça ministrliginiň Ýewropa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlarynyň işleri b...
“Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady
Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna hem-de ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary “AFK-nyň Kubogy - 2018” ýaryşynda 23-nji ýanwarda Bişkekde ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdi.Biziň toparymyz Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” topary bilen duşuşdy. Biziň futbolçylarymyz oýny ynamly başlap, eminiň jürlewgi ýaňlanandan soň köp wagt geçmänkä, pökgini bäsdeşleriniň derwezesine geçirmegi başardylar. Süleýman Muhadow bu duşuşykda ilkinji pökgini geçirdi. Oýnuň netijeli baş...
TDIM-NDE HALKARA TALYP SPORTY FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen, Halkara talyp sporty federasiýasynyň Prezidenti Oleg Matysiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Taraplar talyp sporty ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy geljekde ösdürmegiň meselelerine garadylar, şeýle hem Halkara talyp sporty federasiýasynyň we Türkmenistanyň sport edaralary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyň maksadalaýyklygy barada aýdyp, Türkmenistanyň Daşa...
Saudi Arabia invests in the TAPI project
Saudi Arabia puts considerable amount of investment in the construction of the TAPI gas pipeline. Financial resources for TAPI have been allocated by the Saudi Development Fund due to the agreements reached during the official visit of the President of Turkmenistan to the Kingdom of Saudi Arabia in May 2016, according to Babayev M., the vice premier in charge of the fuel and energy complex. Having heard the information President Gurbanguly Berdimuhamedov stated the progressive dynamics of the...
TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER
2018-nji ýylyň 16-njy ýanwarynda Hindistana özüniň gysga möhletleýin saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Nýu-Delide Hindistanyň Daşary işler ministri Suşma Swaraj bilen duşuşdy. Hindistanyň Daşary işler ministrine gysga wagtyň içinde duşuşygy gurnandygy üçin minnetdarlygyny bildirip, R.Meredow TAPI gaz geçirijisini tejribede durmuşa geçirmekde we iri hususy we döwlet donorlary tarapyndan degişli maliýe çeşmelerini...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETI TÄHRANDAKY YHG-NYŇ AGZA-ÝURTLARYNYŇ PARLAMENT BILELEŞIGNIŇ MASLAHATYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähran şäherinde Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-ýurtlarynyň Parlament bileleşigniň maslahaty öz işine başlady. Maslahatyň işine gatnaşmak üçin Tährana Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Tährana geldi. Günüň ikinji ýarymynda Eýran Yslam Respublikasynyň Mejlisiniň binasynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň çakylygy kabul edilendigi we Tährana wekilçilikli topar iberilendigi üçin m...