SOŇKY HABARLAR
HORMATLY PREZIDENTIMIZ GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW “AMUL — HAZAR 2018” HALKARA AWTORALLISINIŇ ÝEŇIJILERINE WE GATNAŞYJYLARA BAÝRAKLARY GOWŞURMAK DABARASYNA GATNAŞDY
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen hepdede ýurdumyzda geçirilen hem-de ägirt uly üstünlige beslenen “Amul — Hazar 2018” halkara awtorallisine gatnaşan türkmen türgenlerine – baýrakly orunlara mynasyp bolan hem-de ýaryşa gatnaşan türgenlerimize baýraklary gowşurmak dabarasyna gatnaşdy. Şöhratly Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundan geçen bu ägirt uly awtomobil ýaryşy dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan sp...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE “КAWASAKI HEAVY INDUSTRIES LTD” KOMPANIÝASYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 18-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen “Kawasaki Heavy Industries Ltd” kompaniýasynyň energetika ulgamy we önümçilik enjamlary boýunça prezidenti Tasua Watanabeniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk boldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy kompaniýanyň ýolbaşçysyna 2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda açylyp ulanylmaga berlen karbamid öndürýän zawodyň gurluşygyna gatnaşandygy üçin öz minnetdarlygyny aýt...
TÜRKMENISTANDAKY ÝHHG-NIŇ SEBITLEÝIN OKUW MASLAHATYNDA TERRORÇYLYGY MALIÝELEŞDIRMEK BILEN GÖREŞMEK ULGAMYNDA ÖŇDEBARYJY TEJRIBESINE GARALDY
2018-nji ýylyň 17-18-nji sentýabrynda Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň wekilleri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gurnan «Terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmek: ÝHHG-niň sebitindäki öňdebaryjy tejribe» atly sebitleýin okuw maslashatyna gatnaşdylar. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi bu okuw maslahaty terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreşmekde halkara standartlaryny we öňdebaryjy tejribesini şöhlelendirmek maksady bilen gurnady. Gatnaşyj...
TÜRKMENISTANDA SEBITIŇ IŇ IRI GAZ-HIMIÝA TOPLUMY IŞE GIRIZILDI
2018-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Garabogaz şäherinde, Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda täze senagat binasy bolan “Garabogazkarbamid” zawodynyň açylyş dabarasy geçirildi. Döwletimiziň himiýa pudagynyň önümçilik infrastrukturasyny baýlaşdyran bu kärhanany ulanylyşa girizmek dabarasyna ýurduň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň hem-de daşary ýurtly işewür d...
GARABOGAZ ŞÄHERINDÄKI GAZHIMIÝA TOPLUMY HALKARA ŞAHADATNAMALAR BILEN DÜNÝÄDE IŇ GOWULARYNYŇ BIRI HÖKMÜNDE BELLENILDI
Türkmenistanyň senagat taýdan ösdürilmegi daşky gurşawy goramagyň meseleleri bilen aýrylmaz bagly, diýip Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow «Garabogazkarbamid» kärhanasynyň açylyş dabarasynda belledi, onuň dowamynda önümiň hiliniň ýokarylygyny tassyklanylmagy, önümçiligiň netijeliligini we ekologiýa taýdan arassalygy barada zawodyň ýolbaşçylaryna halkara guramalar tarapyndan degişli şahadatnamalar gowşuryldy. Şunuň bilen baglylykda Döwlet Baştutany Türkmenistanyň zyýanly gazlaryň atmosfera z...
BALKAN WELAÝATYNYŇ GARABOGAZ ŞÄHERINDE KARBAMID ÖNDÜRÝÄN TOPLUMYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY MEÝILLEŞDIRILÝÄR
018-nji 17-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän toplumynyň ýokary derejeli açylyş dabarasynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär. Iň täze tehnologiýalar bilen üpjün edilen himiýa senagatynyň bu ägirt uly kärhanasynyň dünýäniň energiýa diplomatiýasynda uly ähmiýeti bolar. Garabogaz karbamid toplumynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň himiýa pudagynyň girdejililigini, onuň eksport mümkiçilig...
«AMUL–HAZAR 2018» AWTORALLI ÝARYŞYNYŇ JEMLEÝJI DABARASY GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan ajaýyp taslamasy – “Amul–Hazar 2018” halkara awtorallisi üstünlikli tamamlandy. Ralliniň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlary gowşurmak dabarasy Balkan welaýatynyň baş baýdak meýdançasynda geçirildi, bu ýerde podium goýuldy. Hormatly Prezidentiz Gurbanguly Berdimuhamedow we “Africa Eco Race” ralli ýaryşynyň baş direktory Žan-Lui Şlesser bilelikde ýaryşyň ýeňij...