SOŇKY HABARLAR
TÜRKMEN WEKILIÝETI WENA ŞÄHERINDÄKI «FERIEN-MESSE WIEN» ATLY SYÝAHATÇYLYK SERGISINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 10–13-nji ýanwary aralygynda Awstriýanyň Wena şäherinde her ýylda geçirilýän «Ferien-Messe Wien» atly syýahatçylyk sergisi boldy. Bu çäre Awstriýanyň möhüm halkara forumy bolup, onda dünýä syýahatçylygynyň häzirki zaman ösüşi görkezilýär. Sergä dünýäniň 80 döwletinden 850 töweregi syýahatçylyk ulgamynyň wekilleri gatnaşdy. Bu sergä Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň wekilleri hem gatnaşdy. Sergä gatnaşyjylar Türkmenistanyň pawilýonynda ýurdumyzyň dürli e...
TÜRKMENISTANYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ MEJLISINDEN
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi, onda döwlet ykdysady we durmuş syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, täze taslamalara hem-de milli maksatnamalary amala aşyrmak boýunça möhüm wezipelere seredildi, birnäçe resminamalar kabul edildi. Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradow gözegçilik edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň bank ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen görülýän...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary esasynda Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 9–10-njy aprelinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek” atly ikinji halkara maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek maksady bilen brifing geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň...
OKGUNLY HEREKET WE YLHAM — ABADANÇYLYK ÝOLY
Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk toplumyna bardy we bu ýerdäki iş otagynda edebi döredijilik bilen meşgullandy. Habar berlişi ýaly, ýakynda milli Liderimiz IIM-niň ýanyndaky Hojalyk müdirliginiň desgalarynda işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, bu ýerde ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna 2019-njy ýylyň ilkinji gününde doglan altyn öwüşginli taýçanak sowgat berildi. Ahalteke bedewleriniň naýbaşy tohumlarynyň neslinden gaýdýan t...
MILLI DOKMA ÖNÜMLERIMIZ HALKARA SERGISINDE GÖRKEZILÝÄR
2019-njy ýylyň 8-nji ýanwarynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Maýn boýundaky Frankfurt şäherinde “Heimtextil 2019” atly halkara sergisi öz işine başlady. Dünýäniň ösen ýurtlarynyň dokma ulgamynda gazanan ösüşlerini dünýä ýaýýan bu halkara sergä dünýäniň 60 döwletinden 3000-den gowrak daşary ýurt kompaniýalar we edaralar gatnaşýar. Bu serginiň işine Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň we Söwda senagat edarasynyň wekilçilikli topary gatnaşdylar, şeýle hem bu ýerde Türkmenistan...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABY HALKARA KOSMOS STANSIÝASYNDA
Häzirki wagtda Halkara kosmos stansiýasynda işleýän, Türkmenistanda doglan Russiýaly kosmonawt Oleg Kononenko, kosmosda alnan Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistan – Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi ” atly kitaby bilen duran suratyny iberdi. Oleg Kononenko biziň ýurdumyza hemişe aýratyn göz bilen garaýandygyny, özüniň Türkmenistan bilen baglanşygynyň bardygyna buýsanýandygyny hem-de onuň üstünliklerine çyn ýürekden begenýändigini belleýär. 2018-nji ýylyň 3-nji dekabrynda başlan özüniň Halkara...
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY
2018-nji ýylyň 27-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Telefon arkaly söhbetdeşligiň başynda iki döwletiň Ýolbaşçylary birek-biregi ýetip gelýän Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlap, türkmen hem-de gyrgyz halkaryna abadançylyk we ýurtlarynyň gülläp ösmegini arzuw etdiler. Soňra ýurt Baştutanlary türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmek boýu...