SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA DÖM-NYŇ DURMUŞA GEÇIRILIŞI BOÝUNÇA MEÝLETIN MILLI SYNYNYŇ TANYŞDYRYLYŞYNYŇ NETIJELERI HAKYNDA
2019-njy ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu ýylyň 16-20-nji iýulynda Nýu-Ýork şäherine bolan saparynyň deslapky netijelerine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi, bu saparyň çäklerinde Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar. Iş mejlisiniň barşynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Ykdysady we D...
TÜRKMENISTAN EÝRANYŇ HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI BERÝÄR
Türkmenistanyň hem-de Eýran Yslam Respublikasynyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryndan ugur alyp, Eýranyň Kermanşah welaýatynda bolan ýertitremesi zerarly ejir çeken ilata ynsanperwer kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, käbir ministrliklere we edaralara Eýran Yslam Respublikasyna muzdsuz ynsanperwer kömegi bermek tabşyryldy. 2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda uçar bilen iberilen ynsanperwer...
TÜRKMENISTANDA TÄZE DÖWLET, HUKUK WE DEMOKRATIÝA INSTITUTY DÖREDILDI
2018-nji ýylyň 23-nji iýulynda Aşgabatda geçirilen maslahatyň esasy meselesi milli Liderimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň öňünde durýan möhüm wezipeler boldy. Täze institut Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutyny hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutyny birleşdirmegiň esasynda döredildi. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda ýurd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASAT EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2018-nji ýylyň 21-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mýätiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti Gyrgyzystan Respublikasynyň Çolpon-Ata şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň baştutanlarynyň duşuşygyna gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar sebitde hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşine we halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara degişli meseleleriň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar we dünýä gün tertibiniň wajyp sorag...
ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK ETMEK BOÝUNÇA TÜRKMEN-RUMYN IŞ TOPARYNYŇ MEJLISI
2018-nji ýylyň 20-nji iýulynda Türkmenbaşy şäherinde, Türkmenistanyň Hökümeti bilen Rumyniýanyň Hökümetiniň arasynda ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň esasynda döredilen ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-rumyn iş toparynyň üçünji mejlisi geçirildi. Geňeşmeleriň gün tertibine laýyklykda, taraplar öňki duşuşykda gazanylan ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň barşy we ulag-üstaşyr ulgamlarynda ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistana iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň Halifa Bin Zaýed Al-Nahaýan adyndaky gaznasynyň ynsanperwer işleri boýunça Baş direktory Muhammed Haaji Al-Huriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar iki ýurduň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine kanagatlanma bilen baha berdiler we geljekde hem özara hereketleriň işjeňleşdirilmegini belläp...
BMG-NIŇ ŞTAB-KWARTIRASYNDA GEÇÝÄN ÝOKARY DEREJELI ÇÄRELERE GATNAŞMAK MAKSADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ NÝU-ÝORKA SAPARY DOWAM EDÝÄR
2018-nji ýylyň 19-njy iýulynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Nýu-Ýorka dowam edýän saparynyň çäklerinde BMG-niň ştab-kwartirasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary S.Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş bilen duşuşygy geçirildi. A.Guterriş Türkmenistanyň BMG bilen dürli ugurlar boýunça ysnyşykly we işjeň hyzmatdaşlygy barada gürrüň berdi. Ol Türkmenistanyň howpsuzlyk meselelerinde, bosgunlar, migrasiýa, Öňüni alyş diplomatiýa boýunça Merkezi Aziýa üçin sebi...