RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
16 Awg

TÜRKMEN-ÖZBEK IŞEWÜR FORUMY

2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenabat şäherinde Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň we Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň söwda-ykdysady, medeni-gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlygynyň çäklerinde türkmen-özbek işewür forumy geçirildi. Bu foruma döwlet gurluşynyň wekilleri, senagatçylar we işewürler, Lebap welaýatynyň we Buhara welaýatynyň medeniýet işgärleri gatnaşdylar. Maslahata gatnaşyjylar welaýatlaryň arasynda  öndürijilikli gatnaşyklar alyp barmaga uly mümkinçilikler bar diý...

DOWAMY
pic
16 Awg

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNYŇ TÜRKMENISTANDA DURMUŞA GEÇIRILMEGI BOÝUNÇA TEGELEK STOLUNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2018-nji ýylyň 16-njy awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanda Durnukly Ösüş Maksatlaryny durmuşa geçirmegine bagyşlanan tegelek stol görnüşindäki mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň, BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) we Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky wekilhanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, ählumumy howpsuzlygyň aýdyň maksatnamasy, Durnukly...

DOWAMY
pic
15 Awg

TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTANYŇ SEBITLERINIŇ ARASYNDAKY GATNAŞYKLAR ÖSÝÄR

2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Daşoguz şäherinde Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň we Özbegistan Respublikasynyň Horezm welaýatynyň döwlet gurluşynyň wekilleriniň, senagatçylaryň, işewürleriň hem-de medeniýet işgärleriniň gatnaşmagynda sergi we işewür forum geçirildi. Işewür forumyň gün tertibinde geljekde söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň barşynda gatnaşyjylara Daşoguz we Horezm welaýatlarynyň ösüşle...

DOWAMY
pic
15 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ SOÇI ŞÄHERINE IŞ SAPARYNDA BOLDY

2018-nji ýylyň 15-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Soçi şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Wladimir Putin ozal gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary we geljek üçin meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde onuň möhüm ugurlaryndaky döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşdylar. 2017-2019-njy ýyllar üçin niýetlenen degişli Hökümetara maksatnamasy ykdysady h...

DOWAMY
pic
13 Awg

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW HAZARÝAKA DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ V SAMMITINE GATNAŞDY

2018-nji ýylyň 12-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherine iş saparyny amala aşyrdy, milli Liderimiz bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitine gatnaşdy. Sammite gatnaşyjy ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aktau şäheriniň halkara howa menzilindeTürkmenistanyň Prezidentini resmi adamlar garşyladylar. Milli Liderimiz howa menzilinden Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň V sammitiniň geçirilýän ýe...

DOWAMY
pic
12 Awg

TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK HAKYNDAKY ŞERTNAMANYŇ TASSYKLANANDYGY BARADA HATLARY ALYŞMAKLYK GURNALDY

2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda 5-nji Hazar  sammitiniň öňüsyrasynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda W.W.Putiniň Türkmenistana resmi saparynyň dowamynda  Aşgabatda gol çekilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak dabarasy boldy. Hatlary alyşmak baradaky degişli Teswirnama iki ýurduň Daşary işler ministrleri tarapyndan gol çekildi. Bu resminama Türkmenistanyň Mejlisi tarap...

DOWAMY
pic
12 Awg

TÜRKMENISTAN BILEN GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDA STRATEGIK HYZMATDAŞLYK HAKYNDA ŞERTNAMANYŇ TASSYKLANANDYGY BARADA HAT ALYŞMAKLYK GURNALDY

2018-nji ýylyň 11-nji awgustynda Aktau şäherinde 2017-nji ýylyň 18-nji aprelinde gol çekilen, Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakynda Şertnamanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşdylar. Şertnamany alyşmak barada degişli Teswirnama iki döwletiň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan gol çekildi.   Ýokarda agzalan şertnama iki döwletiň arasynda deňlige, birek-birege ynanyşmaga we ähli taraplaýyn hyzmatdaşlyga  esaslanýan strategik...

DOWAMY