SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDA ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNY ESASLANDYRYJY DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ SAMMITI GEÇIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny esaslandyryjy döwlet Baştutanlarynyň Sammiti geçiriler. Bu ýokary derejedäki Sammi...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA GELDI
2018-nji ýylyň 23-nji awgustynda Aşgabat şäherine Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti döwlet sapary bilen geldi. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekow iki ýurduň arasyndaky syýasy, ulag, energetika, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki dürli ugurlardaky gatnaşyklary ösdürmek boýunça pikir alyşarlar. Şeýle hem ikitaraplaýyn resminamalaryň giň toplumyna gol çekilmegine garaşylýar.
ARALY HALAS ETMEGIŇ HALKARA GAZNASYNYŇ MÜDIRIÝETINIŇ NOBATDAN DAŞARY MEJLISI
2018-nji 23-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň nobatdan daşary mejlisi geçiriler. Mejlisiň işine Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG) Müdiriýetiniň agzalary gatnaşar. Müdiriýetiň mejlisinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň degişli...
DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA DÖWLETARA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALARYNYŇ IŞ MASLAHATY TAMAMLANDY
2018-nji 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynyň öň ýanynda, Merkezi Aziýanyň Tebigaty goramak ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Durnukly ösüş boýunça döwletara komissiýasynyň işiniň çäklerinde aktual meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirdi. Maslahata gatnaşyjylar daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygynyň we durnukly ösüşiň institusional we hukuk esasyny ö...
MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETARA UTGAŞDYRYJY SUW HOJALYK KOMISSIÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISI ÖZ IŞINI TAMAMLADY
2018-nji 22-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň sammitiniň öňüsyrasynda Merkezi Aziýanyň Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň nobatdaky 74-nji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Merkezi Aziýanyň suw hojalyk edaralarynyň ýolbaşçylary - Döwletara utgaşdyryjy suw hojalyk komissiýasynyň agzalary, Amyderýa we Syrderýa basseýnleri boýunça 2018-nji ýylyň ösüş döwri üçin alynýan suw p...
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BILEN GELMEGI MEÝILLEŞDIRILÝÄR
2018-nji ýylyň 23-24-nji awgustynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sooronbaý Žeenbekowyň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşygy bolar.
DURNUKLY ÖSÜŞ BOÝUNÇA DÖWLETARA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALARYNYŇ IŞ MASLAHATY
2018-nji 22-nji awgustynda Türkmenbaşy şäherinde ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyny (AHHG) esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Sammitiniň öň ýanynda Merkezi Aziýanyň tebigaty goramak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Durnukly ösüş boýunça Döwletara komissiýasynyň işiniň çäklerinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin iş maslahaty geçiriler. Maslahatyň işine Merkezi Aziýanyň tebigaty goramak edaralarynyň ýolbaşçylary - Durnukly ösüş b...