Hormatly Prezidentimiz heýkeltaraş Saragt Babaýewe “Hormatly il ýaşulusy” adyny dakdy

photo

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny berkitmekde, milli däp-dessurlarymyzy ösdümekde, mähriban halkymyzyň agzybirligini hem-de jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesillerimize edep-terbiýe bermekde uly işleri bitirýändigini hem-de durmuşa asylly görelde nusgasyny görkezýändigini nazara alyp, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Saragt Babaýewe Türkmenistanyň “Hormatly il ýaşulusy” diýen ady dakyldy.