img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
GYRGYZ RESPUBLIKASY - BIŞKEK
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy

photo

2026-njy ýylyň 5-nji noýabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow emeli aň ulgamynda howpsuzlyk boýunça Akaba prosesiniň Merkezi Aziýa döwlet Baştutanlary derejesindäki duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.

2015-nji ýylda döredilen Akaba prosesi häzirki döwrüň ählumumy wehimlerine garşy göreşmek babatda tagallalary birleşdirmek üçin abraýly halkara meýdança hökmünde bellidir. Bu format döwlet Baştutanlaryny, halkara bilermenleri we tehnologik kompaniýalaryň ýolbaşçylaryny bir ýere jemleýär.

Ählumumy wehimleriň üýtgemegi bilen Akaba prosesiniň gün tertibi sanly giňişligi goramak, kiberhowpsuzlygy üpjün etmek we emeli aň ulgamyny düzgünleşdirmek ýaly meseleleri hem öz içine alýar. Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda Astanada geçirilýän ýokary derejeli duşuşyk bu prosesiň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýar.

Astana şäheriniň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we dostlukly ýurduň resmi adamlary, şeýle hem ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam edýär.